LG kompaniýasy gizlin maglumat ýygnamakda aýyplandy: Monitorlar we telewizorlar ulanyjylary nädip yzarlaýar?

21.07.2026, 15:154,109

Dünýä belli LG kompaniýasy ulanyjylaryň şahsy gizlinligini bozmakda we olara bildirmän gözegçilik etmekde berk tankyt edilýär. Hünärmenleriň we tehnologiýa neşirleriniň anyklamagyna görä, akylly telewizorlaryň (Smart-TV) täze düzgünleri ulanyjylar barada aşa köp maglumat ýygnamaga şert döredýär. Şeýle-de kompaniýanyň käbir monitorlary Windows ulgamly kompýuterlere hiç hili rugsatsyz, awtomat usulda nätanyş programmalary gurnap bilýär.

Täze ulanyş şertleriniň üsti bilen LG kompaniýasy özüniň emeli aň ulgamlaryny kämilleşdirmek bahanalap, ulanyjylaryň sesini ýazgy edip, olary seljermäge hukuk aldy. Eger sesiniň ýazgy edilmegini islemeýän bolsa, ýeke-täk çäre – telewizoryň mikrofonyny we sesli dolandyryş funksiýalaryny doly öçürmekdir. Şeýle-de, täze şertleri kabul eden ulanyjylar enjamlary nähili ulanýandyklary baradaky ähli gizlin maglumatlaryň ýygnanmagyna we olaryň üçünji taraplara (mahabat we beýleki nätanyş kompaniýalara) satylmagyna göni rugsat berýärler.

Kompaniýanyň ýeke ýalňyşlygy telewizorlar bilen çäklenmeýär. LG-niň meşhur UltraGear we UltraFine tapgyrlaryna degişli monitorlarynda hem howply ýagdaý anyklandy. Gamers Nexus neşiri bu monitorlaryň kompýutere birikdirilen badyna, ulanyjydan hiç hili rugsat soramazdan awtomat usulda LG Monitor App Installer we McAfee Scam Detector programmalaryny kompýuteriň içine gurnap başlaýandygyny mälim edýär.

Bu ýagdaý diňe bir täze satyn alnan enjamlarda däl, eýsem programma üpjünçiligi täzelenen ozalky köne modellerde hem ýüze çykdy.

LG-niň resmi resminamalaryna görä, monitor arkaly rugsat almazdan gurnalýan LG Monitor App Installer programmasy kompýuteriň ulgamlaýyn serişdelerine çäksiz elýeterlilik gazanýar. Bu programma arkaly ulanyjynyň anyk ýerleşýän ýeri, kompýuteriň enjamlaýyn gurluşy,ulgam işjeňligi we internetdäki meýilleri, şeýle-de şahsy hasap ýazgylary (akkauntlar) we kontakt maglumatlary ýygnanyp bilner.

Köne smart-telewizorlaryň eýeleri bu täze gizlinlik şertlerini aradan aýyrmak üçin webOS ulgamynyň täzelemelerini gurnamakdan ýüz öwrüp bilerler. Emma şeýle bolan ýagdaýynda, telewizorlar geljekde howpsuzlyk täzelemelerini almagyny bes eder we hakerleriň hüjümine garşy goragsyz galar.

Şeýlelikde, ulanyjylar iki sany howatyrly ýoluň haýsy hem bolsa birini saýlap, ýa-ha şahsy maglumatlaryny bermeli, ýa-da howpsuzlykdan ýüz öwürmeli bolýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.