Barlag: ABŞ-nyň ýollarynda tizligiň peseldilmegi ýurda günde 22 million dollar tygşytladyp biler

Şu gün, 15:363,838

Minnesota uniwersitetiniň alymlary eger ABŞ-daky ähli awtoulag sürüjileri tizlik düzgünini berk berjaý eden bolsalar, munuň uly ykdysady täsiriniň boljakdygyny ýüze çykardylar. Olaryň hasaplamalaryna görä, ýurt gündelik takmynan 22 million dollar, 25 million litr (6,7 million gallon) ýangyç tygşytlap we CO₂ zyňyndylaryny 57 000 metrik tonna azaldyp bilerdi.

Barlag üçin hünärmenler tizlik çäklendirmelerini, hereket baradaky maglumatlary we ýer gurluşyny nazara alyp, 120 milliondan gowrak syýahaty öwrendiler.

Hasaplamalar Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça milli barlaghananyň (NREL) modellere niýetlenen gurallary esasynda amala aşyryldy.

Has haýal diýmek — has uzak diýmegi aňlatmaýar

Tizlik bilen ýangyç sarp edilişiniň arasyndaky baglanyşyk öňden mälim bolsa-da, hut hakyky syýahatlary öwrenmeklik ýurduň möçberindäki täsire baha bermäge kömek etdi. Alymlaryň ýüze çykaran maglumatlaryna görä, düzgünleri berjaý etmek ortaça gündelik syýahatyň dowamlylygyny 1 minutdan hem az wagtda uzaldardy.

Barlag içinden ýandyrylýan hereketlendirijä eýe bolan we ABŞ-nyň ähli energiýa sarp edilişiniň 14,6%-ini emele getirýän maşynlar üçin geçirildi. Awtorlar häzirki zaman awtoulaglarynyň has tygşytly bolandygyna garamazdan, olaryň hereketlendirijileriniň kuwwatlylygynyň artandygyna, şonuň üçin hem sürüjilerde ýokary tizlige çykmagyň aňsatlaşandygyna ünsi çekýärler.

Geljekki meýilnamalar

Tizligi peseltmeklik awtoparky täzelemänkä ýangyç sarp edilişini azaltmagyň ýönekeý usuly hökmünde aýdyldy. Geljekde gözlegçiler beýleki faktorlaryň — mysal üçin, birden tizlenmek ýagdaýlarynyň täsirini öwrenmek isleýärler. Munuň üçin olar sürüjiniň alyp baryşyny we energiýa sarp edilişini hakyky wagt tertibinde yzarlamaga mümkinçilik berýän datçikli elektrik awtoulagyny ulanarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.