Warner Bros. media ägirdiniň Paramount kompaniýasy tarapyndan satyn alynmagy baradaky geleşik iki hepde möhlet bilen waglaýyn togtadyldy. Şeýle karary Kaliforniýa ştatynyň Oklend şäheriniň okrug kazyýetiniň kazysy Araseli Martines-Olgin çykardy.
NBC News teleýaýlymynyň bellemegine görä, bu ylalaşygyň umumy bahasy 110 milliard dollar töweregi diýlip bahalandyrylýar.
Girizilen çäklendirmäniň möhletiniň ýene iki hepde uzaldylmagy-da ähtimal. Kazyýetiň nobatdaky diňlenişigi 3-nji awgustda geçiriler.
Bu karar ABŞ-nyň 12 ştatynyň baş prokurorlarynyň eden şikaýaty esasynda kabul edildi. Olar bu iki iri media kompaniýanyň birleşdirilmegine ýol bermezligi talap edýärler.
Paramount Skydance kompaniýasy 2026-njy ýylyň başynda Netflix-iň teklibinden öňürdip, Warner Bros. Discovery media-holdingini satyn almak barada ylalaşyk gazanypdy.
Bu iki kompaniýa hem ABŞ-da 5 sany iň iri kinodistribýutorlarynyň we kabel teleýaýlymlarynyň eýeleriniň hataryna girýär. Ylalaşyk doly amala aşsa, iki sany iň uly kinostudiýanyň, olaryň uly film hazynalarynyň hem-de Paramount+ we HBO Max striming serwisleriniň birleşmesi emele geler.
Prokurorlaryň pikiriçe, täze dörediljek kompaniýa kinoprokat we kabel telewizion bazarynyň üçden bir bölegini diýen ýaly öz eline alar. Bu bolsa kinoteatrlara, kabel ulgamynyň operatorlaryna we ahyrky müşderilere zyýan ýetirip biler.
Ýatladyp geçsek, Paramount Skydance kompaniýasy Oracle korporasiýasynyň düýbüni tutan Larri Ellisonyň ogly Dewid Ellison tarapyndan dolandyrylýar. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp köpçülikleýin çykyşlarynyň birinde Ellisonlary «öz dostlarym» diýip atlandyryp, bu söwda ylalaşygynyň amala aşmagyny goldapdy.