Bahasy 10 ýewro: Sewilýa aeroportunda täsin uçar auksiona çykaryldy

24.07.2026, 19:386,251

Ispaniýanyň aeroportlar operatory «Aena» haýran galaýmaly auksion yglan edip, iki hereketlendirijili Piper PA-23 Apache uçaryny satlyga çykardy

Harydyň ilkinji bahasy – diňeje 10 ýewro. Ýöne hemme zadyň kanunalaýyk bolmagy üçin, uly bolmadyk 0,50 ýewro möçberinde kepillik puluny hem tölemeli bolar.

Uçaryň Sewilýa aeroportunyň uçar zolagynda sopbaş bir özüniň duranyna 8 ýyl boldy. 2018-nji ýyldan bäri geçen wagtyň dowamynda «Aena» gullugynyň işgärleri onuň hakyky eýesini tapmak üçin yhlaslaryny gaýgyrmadylar: döwlet sanawlary barlanyldy we Ispaniýanyň resmi neşirinde üç gezek «Gaýdyp gel, hemme zady bagyşlaýarys (we duralga üçin tölegi töle)» diýen äheňde resmi bildirişleri çap etdiler. Ýöne uçar eýesinden hiç hili habar bolmady. Netijede, uçar eýesiz diýlip yglan edildi we ony auksiona çykarmak  kararyna gelindi.

Bu ganatly haryt üçin islendik adam bäsleşip biler. Uçary almak isleýän fiziki ýa-da ýuridiki şahsmy ýa-da bir ýewro-bir ýewrodan pul goşan dostlarmy tapawudy ýok, esasy şert – resminamalary wagtynda we dogry tabşyrmak. Kabul edilişik möhleti tamamlanandan soň, arzalary açmagyň dabaraly senesi yglan ediler.

Eksponatyň özi barada aýtmaly bolsa, Piper PA-23 Apache – amerikan awiapromynyň hakyky nusgawy uçary. Ol 1950-nji ýyllarda Piper Aircraft Corporation kompaniýasy tarapyndan döredildi we markanyň dört adamy rahat ýagdaýda daşamaga niýetlenen, ilkinji köpçülikleýin öndürilen doly metal iki hereketlendirijili uçary boldy.

Ýöne «Aena» öňünden duýdurýar: bu ganatly del-düregeý uçary aeroportdan göni asmana galdyryb-a bolýan däldir. Aeroportda tehnikanyň ýagdaýyny sypaýçylyk bilen aýdylanda, «örän pes» diýip häsiýetlendirýärler. Şol sebäpli satyn alynandan soň derrew onuň bilen dynç alşa uçup bilmezler. Ýöne auksionyň ýeňijisi bolmak miýesser eden kişiniň ýadygärlik sowgat ýaly ýalpyldap duran täsin uçary dost-ýar, tanyş-bilişleriniň görkezip, «meniň özbaşyma hususy uçarym bar» diýip, öwnüp biljegine welin kepil geçip bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.