Joşua bilen duşuşykdan öňki maşk: Taýson Fýuri Mariuş Wahy nokaut etdi

Şu gün, 11:48644
1 / 2

Super agyr agram derejesinde WBC wersiýasy boýunça öňki dünýä çempiony britaniýaly Taýson Fýuri polşaly Mariuş Wahdan üstün çykdy. Duşuşyk Tailandyň Pattaýa şäherinde geçip, ýedinji raundda tehniki nokaut bilen tamamlandy.

Bu söweşden ozal hünärmenlerde hem-de boks muşdaklarynda gyzykly bir jikme-jiklik täsir galdyrdy: Fýuri sоňky 15 ýylda ilkinji gezek garşydaşyndan ýeňil boldy. 37 ýaşly «Sygan patyşasynyň» münen terezisi 120,2 kg görkezdi, 46 ýaşly polşaly weteran bolsa 132,2 kg boldy.

Fýuriniň özi öz durkuna degişme bilen garap: «Indi men jenap Syratlyja» diýip aýtdy.

Häzirki wagtda Fýuriniň hasabynda 36 ýeňiş (olardan 25-i nokaut bilen), iki ýeňliş we bir deňme-deňlik bar. 2025-nji ýylda boksçy karýerasyny tamamlaýandygyny mälim edipdi, ýöne 2026-njy ýyl aprelinde ringe dolanyp gelip, kanada baýdagynyň astynda çykyş edýän Arslanbek Mahmudowy ýeňdi. Wahyň özi barada aýtsat, onuň hasabynda 39 ýeňiş (20-si nokaut) we 14 ýeňliş bar.

Polşaly türgen bilen duşuşyk Fýuri üçin şu ýylyň ahyryna watandaşy Entoni Joşua bilen meýilleşdirilen söweşiň öň ýanyndaky «maşk» duşuşygy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.