Şwesiýa 2028-nji ýyldan başlap hojalyk harytlarynda «ömürlik himikatlary» gadagan eder

Şu gün, 11:571,461

Şwesiýa 2028-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, «ömürlik himikatlar» hökmünde belli bolan per- we poliftoralkil maddalarynyň (PFAS) sarp ediş harytlarynyň giň toplumynda ulanylmagyny gadagan etmegi meýilleşdirýär.

Ýurduň hökümeti Ähliýewropa kadalaşdyryşyna garaşyp oturman, milli çäklendirmeleri Ýewropa Bileleşiginden öň girizjekdigini bildirdi.

«Bu adamlaryň saglygy we Şwesiýanyň daşky gurşawy üçin uly ýeňişdir» diýip, Klimat we daşky gurşaw meseleleri boýunça ministr Romina Purmohtari belledi. Ol saglyga howpsuz alternatiwalary bar bolan ýagdaýynda PFAS-yň eşiklerde, kosmetikada, aşhana esbaplarynda we beýleki gündelik harytlarda ulanylmaly däldigini nygtady.

PFAS näme? PFAS — tebigatda tas dargamaýan 10 müňden gowrak sintetik birleşmeleriň toparydyr. Olar rak keseliniň käbir görnüşleriniň ýüze çykmak howpy, nesil öndürijilik ukybynyň gowşamagy we immun ulgamynyň bozulmasy bilen baglanyşdyrylýar. Bu maddalar 1940-njy ýyllardan bäri ýanmaýan gap-gaçlary, suw geçirmeýän eşikleri we beýleki önümleri öndürmekde giňden ulanylyp gelinýär.

«Harytlaryň içindäki PFAS gadaganlyga girmeýär. Netijede olar öýlerimize, iýmitimize, suwumyza we bedenimize aralaşýar» diýip, «A Plastic Planet» plastik krizisine garşy kampaniýanyň düýbüni tutujylarynyň biri Sian Sazerlend düşündirýär. — «Iň uly alada döredýän zat — himiki hapalanma iň köp sezewar bolýan adamlar – hamyla zenanlar we durmuşynyň ilkinji 1000 günündäki bäbeklerdir. Şeýde-şeýde bu täsir indiki nesillere-de geçip, ömürlik yzyny goýup biler».

Gadagançylyk haýsy harytlara degişli bolar? Şwesiýadaky gadagançylyk eşiklere, aýakgaplara, suw geçirmeýän zatlara, aşhana esbaplaryna, kosmetika we lyža çalgy ýaglaryna degişli bolar.

Şwesiýa Fransiýanyň göreldesine eýerdi. Fransiýada 2026-njy ýyldan bäri saglyga howpsuz orun tutujylaryň bar bolan ýagdaýynda PFAS saklaýan harytlary öndürmek, import etmek we satmak gadagan edilipdi. Meňzeş çäklendirmeler Daniýada hem gaplamalaryň käbir görnüşleri hem-de eşikleriň we aýakgaplaryň aýratyn görnüşleri üçin eýýäm güýje girdi.

Ýewropa Komissiýasy PFAS-y ähliýewropa derejesinde kadalaşdyrmak boýunça öz tekliplerini 2027-nji ýylda hödürlemegi meýilleşdirýär. Geljekki düzgünleriň bu maddalaryň köpçülikleýin sarp ediş harytlarynda ulanylmagyny çäklendirjekdigine, ýöne lukmançylyk ýaly strategik taýdan möhüm pudaklar üçin kadadan çykma hökmünde saklanyp galjakdygyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.