Italiýanyň kazyýeti Wiçensa şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy Franko Malossa höküm çykardy. Ol köp ýyllaryň dowamynda öz guran binasyny gadymy amfiteatr hökmünde görkezip, ol ýere tölegli gezelenç gurapdy diýip, Il Giornale dell’Arte neşiri ýazýar.
Malosso "Beriko deňiz amfiteatry" diýlip atlandyrylan bu ýeri 2005-nji ýylda bolup geçen ýer süýşgüninden soň tapandygyny öňe sürýär. Ýaýradylýan mahabat bukleterinde bu ýere gadym döwürde meşhur taryhy şahsyýetleriň, şol sanda Ýuliý Sezaryň hem gelip görendigi bellenilipdir. Guramaçy bu "arheologik desga" girmek üçin syýahatçylardan 40 ýewro alýan ekeni.
Hukuk goraýjy edaralar bu pyrryldaga takmynan 10 ýyldan soň üns berdiler. Hemralardan alnan suratlary seljermekden we degişli hünärmenleri çekmekden soň, bu "binagärlik ýadygärliginiň" 2000-nji ýyllaryň başynda Malossonyň özi tarapyndan gurulandygy ýüze çykaryldy.
Gadymylyk sypatyny döretmek üçin ol ýer-şertlerini giň gerimde üýtgedýär we depejigiň eňňidinde çukur gazýar. Basgançaklar emeli usulda köneldilen bloklardan düşelip, töweregi bolsa beton sütünler, gips heýkeller we emeli howdan bilen bezelýär.

Bu hilegärçilikli jenaýat boýunça kazyýet işleri 2016-njy ýyldan bäri dowam edip gelýär. Netijede, Franko Malosso bikanun gurluşyk etmekde we çeperçilik eserlerini galplaşdyrmakda günäli hasap edilip, 2 ýyl 4 aý möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi. Şeýle hem oňa 3000 ýewro möçberinde jerime salyndy.
Ýerli häkimiýetler mundan başga-da günäkärden ýetirilen zyýan üçin 560 000 ýewro möçberinde iri öwez puluny talap etmegi-de meýilleşdirýärler.