Ýaponiýa Fudziýama dagyndaky halas ediş işleri üçin töleg alyp başlar

Şu gün, 08:301,831
1 / 2

Ýaponiýanyň Ýamanasi prefekturasynyň häkimiýetleri 2027-nji ýylyň sentýabryndan başlap, Fudziýama dagynda möwsümden daşary döwürde dikuçar bilen geçiriljek halas ediş işleri üçin töleg almagy meýilleşdirýär. Bu çäre ýeterlik taýýarlygy bolmadyk syýahatçylaryň howply döwürde daga çykmakdan saklanmagyna gönükdirilendir diýip, Fuji TV habar berýär.

Belentligi 3776 metr bolan Fudziýama dagy Ýaponiýanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup, her ýyl 200 müňden gowrak syýahatçyny özüne çekýär. Daga çykmagyň resmi möwsümi iýulyň başyndan sentýabryň aýyna çenli dowam edýär. Muňa garamazdan, her ýyl, takmynan, 10 müň adam möwsümden daşary döwürde hem daga çykýar. Şol döwürde dagyň eňňitlerinde sowuk ýeller güýçlenýär we buz emele gelýär.

Howpuň ýokarydygy sebäpli Ýamanasi we goňşy Sizuoka prefekturalarynyň häkimiýetleri möwsümden daşary döwürde daga çykylýan ýollary böwetleýär. Olaryň maglumatlaryna görä, 2019–2025-nji ýyllar aralygynda möwsümden daşary döwürde Fudziýama dagynda 79 adam şikes alypdyr, 19-sy bolsa heläk bolupdyr.

Halas edijiler howply ýagdaýa uçran alpinistlere kömek etmek üçin öz janlaryny orta goýmaly bolýar.

Ýerli habarçylaryň maglumatlaryna görä, halas ediş işlerinde dikuçaryň uçuşynyň her minuty üçin, takmynan, 10 dollar töleg alnar.

Şol bir wagtyň özünde, daga çykjak ýoluny öňünden häkimiýetlere habar beren we zerur enjamlar bilen ýeterlik derejede üpjün edilen syýahatçylardan halas ediş işi üçin töleg alynmaz.