Ýaponiýada köne türmäni kaşaň myhmanhana öwürdiler

Düýn, 21:507,728
1 / 13

Ýaponiýanyň Nara şäherinde 1908-nji ýylda gurlan öňki türme durky täzelenenden soň, 48 otagly kaşaň myhmanhana öwrüldi. Şonuň bilen birlikde binanyň köp sanly özüne mahsus bölekleri — kerpiç diwarlar, demir gurluşlar we penjirelerdäki gözenekler öňküligine diýen ýaly saklanyp galdy.

Nara türmesi Meýji döwründe gurlan iň iri bäş türmäniň biri bolupdyr. Binagär Keýjiro Ýamasita öz döwründe bu toplumy roman äheňinde gurupdyr. Türmäniň bäş binasy merkezi gözegçilik diňinden dürli tarapa uzaýan görnüşde ýerleşdirilipdir. Şol diňden birnäçe gözegçi ýüzlerçe tussagyň hereketine gözegçilik edip bilipdir.

Türmäniň soňky tussaglary 2017-nji ýylda başga ýere geçirilipdir. Şondan soň bu toplum Ýaponiýanyň möhüm medeni mirasyna degişli desgalaryň biri hökmünde ykrar edilipdir.

Häzir bu ýerde "Hoshinoya Nara Prison" myhmanhanasy we türmäniň taryhyna bagyşlanan muzeý işleýär. Binanyň durkuny täzelemek işine binagär Ri Adzuma ýolbaşçylyk edipdir. Ol öňki kerpiç diwarlary, penjire çarçuwalaryny, basgançaklary we demir pürsleri asyl görnüşine ýakyn ýagdaýda saklapdyr. Geçelgelerde gözenekli penjireler öňküligine galdyrylypdyr, öňki ybadathana bolsa dynç almak üçin niýetlenen otaga öwrülipdir.

Myhmanhanadaky 48 otagyň her biri öňki 9-10 ýa-da 11 sany türme kamerasynyň birleşdirilmegi arkaly döredilipdir. Otaglaryň içki bezeginde agaç bilen utgaşdyrylan kümüşsöw çal we mawy reňkli kerpiçler, döwrebap mebeller hem-de ýumşak dokma önümleri ulanylypdyr.

Iň uly otaglarda geýim otagy, şezlonglar, ýerli içgiler goýlan kiçi sowadyjy, saz enjamy, çaý, hammamda ulanmak üçin duzlar we Narada öndürilen ýüň joraplar bar.

Myhmanhanada basseýn, spa ýa-da fitnes zaly ýok. Muňa derek myhmanlara günortanlyk çaý, agşamky sazly duşuşyklar we hoşboý atyrlary taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklary hödürlenýär.

Myhmanlar muzeýe mugt baryp bilýärler. Muzeý ýapylandan soň bolsa öňküligine galdyrylan D türme bölümine girmäge rugsat berilýär. Myhmanhananyň golaýynda Nara seýilgähi we Todai-ji ybadathanasy ýerleşýär.