Özbegistanda öýsüzlere ýaşamaga wagtlaýyn ýer berlip, iş tapmaga kömek ediler

Düýn, 23:291,138

Özbegistanda hemişelik ýaşaýyş jaýy bolmadyk adamlara kömek bermegiň ýeke-täk tertibi tassyklanyldy. Ýörite merkezlerde olara wagtlaýyn ýaşar ýaly ýer hem-de lukmançylyk kömegi berler, resminamalaryny dikeltmäge, dogan-garyndaşlaryny tapmaga hem-de işe ýerleşmäge ýardam ediler.

Hökümetiň degişli karary 19-njy awgustda güýje girdi. Öýsüz adamlar merkeze özbaşdak ýüz tutup hem bilerler. Kösenip ýören adamlar baradaky maglumat mähelle, içeri işler edaralary ýa-da beýleki ygtyýarly guramalar tarapyndan hem geçirilip bilner.

Kömege mätäç adam merkeze ýerleşdirilenden soň, işgärler ony lukmançylyk barlagyndan geçirerler we zerur halatynda bejergisini üpjün ederler. Mundan başga-da, pensiýa we kömek pullaryny resmileşdirmäge, resminamalary dikeltmäge ýardam ederler. Belli-belli ýagdaýlarda ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulan.

Merkeze kabul edilen adam baradaky bellikler maglumat ulgamyna giriziler, şondan soň işgärler onuň jemgyýete uýgunlaşmagyň şahsy meýilnamasyny işläp düzerler. Merkezde olar 20 güne çenli möhlet bilen ýerleşdiriler, emma zerurlyk ýüzek çykan halatynda bu möhlet uzaldylyp hem bilner.

Merkeziň işgärleri uýgunlaşma tapgyryna gözegçilik ederler we göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine jogapkär kişileri kesgitlärler.

Täze tertip hemişelik ýaşaýyş jaýy bolmadyk adamlara ulgamlaýyn kömek bermegi göz öňünde tutýar we olaryň durnukly durmuşa gaýdyp gelmegine ýardam etmelidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.