Hytaýda arheologlar ýaşy, takmynan, 2200 ýyla barabar bolan häzirki szunszy tagamyna — ýapraklara dolanyp, daşy ýüp bilen daňlan tüwüli gutaplara meňzeş dolamalary tapdy. Ýöne bu önümler azyklyk üçin däl-de, jaýlama dessurynda ulanmak üçin niýetlenipdir.
Tapyndy b.e.öň 238-nji ýylda aradan çykan Çu patyşalygynyň hökümdary Kaýlä degişli bolan Uwangdun aramgähinde ýüze çykaryldy. Aramgähiň çygly gurşawy ösümliklerden ýasalan zatlaryň müňlerçe ýyllap saklanyp galmagyna ýardam edipdir.
Alymlar içinde däne hem-de beýleki ösümlik galyndylary bolan, ýapraklardan we ýüplerden taýýarlanan 12 dolamany jikme-jik öwrendi.
Barlag wagtynda jemi 456 däne tapyldy. Olaryň 43,6%-i tüwüden, 26,1%-i darydan, 28,5%-i bolsa beýleki ösümliklerden ybarat. Olar Quercus dentata dub agajynyň ýapraklaryna dolanyp, daşy otlardan taýýarlanan ýüpler bilen daňlypdyr.
Däneleriň ýagdaýy olaryň iýmit hökmünde bişirilmändigini görkezýär. Olaryň köpüsi diňe gabyk we saman görnüşinde saklanyp galypdyr. Şeýle hem mikroskopik barlag un ýa-da hamyr galyndylaryny görkezýän krahmaly ýüze çykarmady.
Alymlaryň pikiriçe, dolamalar simwolik mana eýe bolup, aradan çykan adama o dünýäde hemra bolmaly eken. Däneler bolsa onuň dirikä eýe bolan oba hojalyk baýlygyny we maddy serişdelerini aňladyp biler.

Tapyndylar adaty hytaý tagamy bolan szunszynyň taryhy nukdaýnazaryndan hem gyzyklydyr. Rowaýata görä, şahyr hem-de döwlet işgäri Sýuý Ýuanyň ölüminden soň Çuwuň ýaşaýjylary, balyklar onuň jesedine topulmaz ýaly, derýa tüwüli dolamalary oklapdyrlar. Uwangdun aramgähi hem, takmynan, şol döwre we sebite degişli. Şeýle-de bolsa, arheologlar bu tapyndylaryň Sýuý Ýuan baradaky rowaýat bilen göni baglanyşygyny subut edýän maglumatlaryň ýokdugyny belleýär.
Mundan öň takyk senesi kesgitlenen iň gadymy szunszy Sun eýýamyna - takmynan, 1000 ýyl öňki döwre degişli hasaplanylýardy. Uwangdun aramgähinden tapylan dolamalar bolsa dänäni ýapraga dolamak däbiniň taryhyny ýene-de müň ýyl töweregi yza süýşürýär.
Şol bir wagtyň özünde alymlar bu gadymy dolamalary szunszy diýip atlandyrmagyň nädogrudygyny nygtaýar: çünki, olar däp-dessur üçin niýetlenipdir.