Umman gözelligi hem-de howplary: Ocean Photographer of the Year 2026 bäsleşiginiň ýeňijileri

13.09.2026, 12:454,763
1 / 28

«Ocean Photographer of the Year 2026» halkara fotosurat bäsleşiginiň ähli ugurlar boýunça ýeňijileri hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolan işler yglan edildi.

Baş baýragy bu ýyl Žýulýen Anton gazandy. Ol Fransuz Polineziýasynyň kenarynda ýüzüp barýan deňiz atyny surata düşürdi.

Ummandaky ýaşaýşa we deňizleriň goragyna bagyşlanan bäsleşigi Oceanographic žurnaly geçirýär. Guramaçylar awgust aýynyň ortalarynda finalçylaryň sanawyny yglan edipdi, indi bolsa ähli baýrakly orunlaryň eýelerini mälim etdiler.

Bäsleşigiň umumy ýeňijisi hem-de «Ýabany tebigat» kategoriýasynda baş baýrak: töweregini ýaş balyklar gurşan deňiz atynyň portreti. © Julien Anton / Ocean Photographer of the Year 202

«Ýabany tebigat» — 2-nji orun: Meksikanyň kenarynda örküçli kitiň çagasyny paýlaşýan läheňler. © Rafael Fernandez Caballero / Ocean Photographer of the Year 2026

«Ýabany tebigat» — 3-nji orun: ABŞ-nyň Waşington ştatynyň kenaryndaky maslýuk balyklarynyň sürüsi. © Ariel Mei Gliboff / Ocean Photographer of the Year 2026

«Sungat» — ýeňiji: Maldiw adalarynyň kenarynda eneke-akula we ýapyşagan balyklar. © Matty Smith / Ocean Photographer of the Year 2026

«Sungat» — 2-nji orun: ABŞ-nyň Florida ştatynyň kenaryndaky sekizaýak. © James Ferrara / Ocean Photographer of the Year 2026

«Sungat» — 3-nji orun: Taiti, Fransuz Polineziýasy. © Ben Thouard / Ocean Photographer of the Year 2026

«Başdan geçirmeler» — ýeňiji: Awstraliýanyň Sidneý şäheriniň kenarynda delfinler sürüsi. © Gergo Rugli / Ocean Photographer of the Year 2026

«Başdan geçirmeler» — 2-nji orun: Fransuz Polineziýasynyň kenaryndaky sýorfingçi. © Ben Thouard / Ocean Photographer of the Year 2026

«Başdan geçirmeler» — 3-nji orun: Meksikada senoty öwrenýän guwwas. © Romona Robbins Reynolds / Ocean Photographer of the Year 2026

«Daşky gurşawy goramak: adamyň täsiri» — ýeňiji: Maldiw adalarynda onlarça guwwas arasynda ýüzüp barýan kit akulasy. © James Ferrara / Ocean Photographer of the Year 2026

«Daşky gurşawy goramak: adamyň täsiri» — 2-nji orun: Farer adalarynda grinda läheňi pudarlanýar. © Karsten Michels / Ocean Photographer of the Year 2026

«Daşky gurşawy goramak: adamyň täsiri» — 3-nji orun: Maldiwleriň paýtagty Male şäherindäki balyk bazarynda satyjy galyndylary ummana taşlaýar. © Lu Minqiang / Ocean Photographer of the Year 2026

«Daşky gurşawy goramak: umyt» — ýeňiji: Rangiroa atollunyň golaýynda äpet çekiçkelle akula bellik dakýan barlagçylar. © Thomas Pavy / Ocean Photographer of the Year 2026

«Daşky gurşawy goramak: umyt» — 2-nji orun: Beýik Britaniýanyň Padstou şäherindäki leňňeç ösdürip ýetişdiriş merkezi. © Francesca Page / Ocean Photographer of the Year 2026

«Daşky gurşawy goramak: umyt» — 3-nji orun: Ýaponiýanyň kenarynda Torquigener albomaculosus görnüşine degişli erkek iňňegaryn balygyň guran tegelek çäge höwürtgesi. Diametri, takmynan, 2 metr. © Yuta Shigeno / Ocean Photographer of the Year 2026


«Adam we umman» — ýeňiji: Kabo-Werdäniň kenaryna çykyp galan grinda läheňlerini deňze gaýtarmaga kömek edýän meýletinçiler, sýorfingçiler, halas edijiler we tebigaty goraýjylar. © Rui Duarte / Ocean Photographer of the Year 2026

«Adam we umman» — 2-nji orun: Indoneziýanyň Lembata adasynyň kenarynda garpun bilen läheň awlamak däbi. © Sirachai Arunrugstichai / Ocean Photographer of the Year 2026

«Adam we umman» — 3-nji orun: tupan wagty Sidneýdäki Bronte ýapyk kenar howzunyň golaýynda duran ýetginjek. © Gergo Rugli / Ocean Photographer of the Year 2026

«Öwrenilmedik umman: gizlin dünýäler» — ýeňiji: Ýaponiýanyň Sizuoka prefekturasynyň kenaryndaky kürek kelleli korifena. © Mitsuna Kawai / Ocean Photographer of the Year 2026

«Öwrenilmedik umman: gizlin dünýäler» — 2-nji orun: korallaryň arasynda pöwrize reňklije ýumurtgalaryny göterip barýan dury krewetka leňňeji. © Andrea Michelutti / Ocean Photographer of the Year 2026

«Öwrenilmedik umman: gizlin dünýäler» — 3-nji orun: Indoneziýanyň Sulawesi adasynyň kenarynda ýumurtgadan ýaňy çykan külke balyjaklary agzynda göterip ýören erkek torly apogon balygy. © Suliman Alatiqi / Ocean Photographer of the Year 2026

«Portfolio» — ýeňiji: Meksikada zeýtun deňiz pyşbagalaryny ýumurtgalarynyň goragyna we öwrenilişine bagyşlanan suratlar toplumy. © Miguel Serrano Ruiz / Ocean Photographer of the Year 2026

«Portfolio»: täze doglan deňiz pyşbagajyklary. © Miguel Serrano Ruiz / Ocean Photographer of the Year 2026

«Portfolio»: deňiz biology ýumurtgadan heniz çykmadyk pyşbagajygyň düwünçegini barlaýar. © Miguel Serrano Ruiz / Ocean Photographer of the Year 2026

«Female Fifty Fathoms Award»: Awstraliýanyň günbatar kenarynda ýaş deňiz ýolbarslarynyň oýnap ýörşi. © Jenny Stock / Ocean Photographer of the Year 2026

«Female Fifty Fathoms Award»: Tonganyň kenarynda çagasy bilen ýüzüp barýan örküçli kit. © Jenny Stock / Ocean Photographer of the Year 2026

«Female Fifty Fathoms Award»: Britan Kolumbiýasynyň (Kanada) kenarynda çüýşäniň içine girip gizlenen deňiz sülgün-iti (Chirolophis nugator). © Jenny Stock / Ocean Photographer of the Year 2026