Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki desgalaryň gurluşygy boýunça maslahatlary berdi

Şu gün, 07:522,854

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşen mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de sport toplumynyň gurluşyk we içki bezeg işleriniň taslamalary bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowa döwrebaplaşdyrylmagy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hödürlendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şekil taslamalary we çyzgylar barada giňişleýin maglumat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň daşky we içki bezegine, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagyna hem-de gurluşykda ulanylýan serişdelere ünsi çekip, degişli bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi.

Ol çagalar bagy barada söz açyp, otaglary bezemekde haýwanat we ösümlik dünýäsiniň şekillerini ulanmagyň zerurdygyny nygtady. Mekdep babatynda bolsa milli edep ýörelgelerini saklamak bilen bir hatarda, okuw maksatnamasynyň häzirkizaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi.

Sport toplumyna hem aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşykda we enjamlaşdyrylyş işlerinde öňdebaryjy tejribäni ulanmak, döwrebaplaşdyrylýan okuw mekdeplerinde we çagalar baglarynda sport bilen meşgullanmak üçin şertleri üpjün etmek babatynda maslahatlary berdi.

Şeýle hem saparyň dowamynda iş maslahaty geçirilip, onda şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işlere we öňde duran şanly senelere görülýän taýýarlyk meselelerine seredildi.