Kristian Beýl hossarlyga alnan çagalar üçin ýaşaýyş toplumyny açdy

Düýn, 19:452,809
1 / 6

Amerikaly aktýor Kristian Beýl Kaliforniýa ştatynyň Palmdeýl şäherinde hossarlyk ulgamynda terbiýelenýän çagalar üçin ýörite ýaşaýyş toplumyny açdy. Aktýoryň «Together California» taslamasy hossarlyga alnan doganlaryň bile ýaşamagyna kömek eder diýip, Variety ýazýar.

ABŞ-nyň wagtlaýyn hossarlyk ulgamynda bir maşgalanyň çagalary ýer ýetmezçiligi sebäpli, köplenç, dürli öýlere ýerleşdirilýär. Täze döredilen bu toplum bolsa doganlaryň bile ýaşamagyna mümkinçilik berer.

Toplumyň meýdany, takmynan, 11 müň inedördül fut, ýagny 1020 inedördül metr töweregi bolup, bu ýerde ähli zerur zatlar bilen üpjün edilen 12 sany öý, şeýle hem iki sany kiçi studiýa görnüşli öý bar. Bu studiýa öýleri hossarlyk ulgamyndan çykmaga we özbaşdak durmuşa başlamaga taýýarlanýan ýaşlar üçin niýetlenendir.

«Biziň maksadymyz olaryň başdan geçiren agyrysyny we kynçylyklaryny ýagşylyga, umyda hem-de geljege bolan ynama öwürmek» diýip, Beýl gürrüň berýär.

Taslamany gurnaýjylaryň bellemegine görä, täze jemgyýetçilik toplumynda çagalara goldaw bermäge, olaryň durmuşynda durnuklylygy üpjün etmäge hem-de olary alada bilen gurşap almaga gönükdirilen maksatnamalar hereket eder. Ilkinji ýaşaýjylar bu topluma eýýäm oktýabr aýynda göçüp biler.

Beýlde bu taslama bilen bagly pikir özi kaka bolandan soň döräpdir. Ol «Together California» guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Tim MakKormik bilen bilelikde bu ýaşaýyş toplumyny döretmegiň üstünde 2022-nji ýyldan bäri işläpdir.

Gurluşyk işleri üçin haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna 9 million dollara golaý pul toplamak başardypdyr. Bu işde «Austrian American Council West» guramasy hem çetde durmady.

Los-Anjeles etrabynda hossarlyk ulgamynda ýaşaýan 30 müňden gowrak çaga bar. Bu ABŞ-daky şeýle çagalaryň iň köp jemlenen ýeridir.