Darbaz gyz Ýewropanyň iň beýik kömür depeleriniň arasyndan 400 metr ýol geçdi

Şu gün, 06:511,971
1 / 2

Fransiýanyň demirgazygyndaky Lus-an-Goel şäherçesinde Tatiana-Mosio Bongonga atly darbaz gyz Ýewropanyň iki sany iň uly kömür depesiniň (terrikonynyň) arasynda gyzykly hem hatarly ýörişi amala aşyrdy. Bu barada Euronews habar berýär.

Darbaz gyz hiç hili ätiýaçlyk edinmezden ýerden 80 metr beýiklikde çekilen 400 metrlik ýüpüň üstünden geçdi. Onuň çykyşyna 9 000-den gowrak tomaşaçy syn etdi.

Bongonga seresaplyk bilen öňe tarap hereket edip, käwagt beýiklikde akrobatik hereketlerini hem ýerine ýetirdi. Sazandalar we hor topary Pýer Başleniň «Les Corons» aýdymyny aýdyp, gyza aňsat bolmadyk ýoly geçmäge ýardam etdiler.

Bongonga ikinji terrikona ýetip, ýörişini üstünlikli tamamlanynda şowhunly el çarpyşmalar ýaňlandy, gyzy gül çemeni bilen garşyladylar.