Amerikalynyň 1,6 metrlik sakgaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Düýn, 15:496,168
1 / 2

Boldwin-Siti şäheriniň 54 ýaşly ýaşaýjysy Mettýu Heý uzynlygy 1,603 metrlik tebigy sakgaly bilen dünýä rekordyny goýdy. Onuň üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Heý häzir ýaşap ýören erkekleriň arasynda tebigy sakgalyň iň uzyn burumy boýunça rekord goýdy we amerikaly Rudolf Martinonyň öňki 1,06 metrlik rekordyndan öňe geçdi.

Rekord Missuri ştatynyň Independens şäherinde hasaba alyndy. Munda sakgalyň burumyny agaç tagtanyň uzaboýuna ýazyp ölçediler. Heýiň aýtmagyna görä, ol sakgalyny, takmynan, 20 ýyl bäri ýörite ösdürip gelýän eken, çagalary ilki-ilkiler ony örüp ýygnamagy hem haýyş edipdirler. Wagtyň geçmegi bilen, onuň sakgaly gürelip, ýylda, takmynan, 7-10 santimetr ösmegini dowam etdiripdir.

Rekord eýesi adaty ýumşadyjyly şampuny ulanýar we sakgalyny gyrkmaýar. Sakgaly ýere ýetip duransoň, Heý gündelik durmuşda ony ýygnap daňyp goýýar.

Heýiň entek-entekler sakgalyny syrmak hyýalynda-da ýok.