«Inter Maýaminiň» hüjümçisi Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzümindäki hoşlaşyk duşuşygy üçin niýetlenen köýnekçesini görkezdi.
39 ýaşly futbolçy 6-njy oktýabrda milli ýygyndynyň düzüminde iň soňky gezek çykyş eder. Topar Buenos-Aýresdäki «Estadio Monumental Antonio Vespucio Liberti» stadionynda Beniniň ýygyndysyna garşy oýnar.
Lionel öz Instagram sahypasynda wideo paýlaşdy. Onda futbolçy butsysyny taýýarlap, bir köýnekçäni başgasyna çalyşýar. Futbolçy bu wideo şeýle ýazgyny goşdy:
«Iň soňky duşuşyk… Köýnekçe ömürlik❤️».
Hoşlaşyk duşuşygy üçin niýetlenen eşikde Messiniň familiýasy we 10-luk belgisi altyn reňkde ýerine ýetirildi. Şeýle hem «onlugy» Argentinanyň milli nyşanlarynyň biri bolan we döwlet baýdagynda ýerleşdirilen Maý Güneşi gurşap alýar. Ol inka hudaýy Intini aňladýar, «maý» adyny bolsa bu nyşan 1810-njy ýylyň 25-nji maýyndaky Rio-de-la-Plata wise-patyşalygynyň Ispaniýadan garaşsyzlygyny yglan eden Maý rewolýusiýasy mynasybetli alypdy. 1818-nji ýylda baýdaga ýerleşdirilen Günüň şekili 1813-nji ýylyň 8 eskudo bahaly ilkinji argentin altyn teňňesindäki Güne doly meňzeşdir.
Ýatlap geçsek, Messi milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlaýandygy hakynda awgustyň ahyrynda yglan edipdi. Onuň üçin topardaky soňky resmi oýun 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň finalynda Ispaniýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşyk boldy. Şol oýun 1:0 hasabynda Ispaniýanyň peýdasyna tamamlandy.
Messi Argentinanyň ýygyndysynda 2005-nji ýyldan bäri çykyş etdi. Onuň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyny, iki gezek Amerikanyň Kubogyny (2021, 2024) we bir gezek Finalissimany (2022) utdy. Argentina üçin ol 207 duşuşykda 125 gol geçirdi. Bu ýygyndylaryň derejesinde taryhda ikinji netijedir — Kriştianu Ronaldunyň hasabynda Portugaliýa üçin 233 duşuşykda 146 gol bar.