Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda türkmen karateçisi Dawut Nazmyradow 75 kg çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň häzirki Oýunlardaky ilkinji baýragydyr.

22 ýaşly türgen gyrgyzystanly Nazim Nurlanowy 7:2 hasaby bilen ýeňip, çärýek finaldan ynamly geçdi. Ýarym finalda Nazmyradow siriýaly Fawazz Bani Almarjeh bilen duşuşdy. Esasy wagt 0:0 hasaby bilen tamamlandy, türkmen türgenine ýeňiş bolsa eminleriň çözgüdi (hanteý) bilen berildi, bu hem onuň finala çykmagyny üpjün etdi.
Altyn medal üçin aýgytly tutluşykda Nazmyradow Eýranyň wekili Morteza Nematiden 3:4 hasaby bilen ýeňlip, kümüş medal gazandy.
XX tomusky Aziýa oýunlary 19-njy sentýabrda Nagoýada açyldy we 4-nji oktýabra çenli dowam eder. Ýaryşlarda Türkmenistana sportuň sekiz görnüşi — boks, sport göreşi, karate-do, kuraş, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça 34 türgen wekilçilik edýär.