Aleksandr Makedoniýalynyň okan mekdebi tapyldy

23.09.2026, 16:406,477
1 / 3

Demirgazyk Gresiýada arheologlar Aleksandr Makedoniýalynyň (Isgender Zülkarneýn) ýaşlygy bilen bagly hasap edilýän gadymy toplumyň harabalygynyň üstünden bardy. Alymlaryň pikiriçe, hut şu ýerde 2 400 ýyl mundan ozal Aristotel geljekki serkerdä we beýleki atly-abraýly makedoniýalylaryň çagalaryna bilim beren bolsa gerek diýip, «Live Science» neşiri ýazýar.

Toplum gadymy Mieza şäherinde ýerleşýär. Arheologlar bu ýerde iki sany banket zalyny, sport meýdançasyny, stadiony, üsti ýapyk galereýany we daş partalary bolan sapak otaglaryny tapdy. Toplumda ýere mozaika düşelipdir, binalar sütünler bilen bezelipdir. Binagärligi we kaşaňlygy boýunça bu toplum Filipp II-niň we onuň ogly Aleksandryň ýaşan Egidäki patyşa köşgüni ýatladýar.

Harabalyk biziň eýýamymyzdan öňki IV asyra degişlidir. Tapylan zatlaryň arasynda şaýy pullar, keramika we dört sany stilos — gadymy okuwçylaryň tagtalarda ýazmak üçin ulanan taýajyklary bar.

Hünärmenler bu toplumyň Aristoteliň mekdebi bilen baglanyşygyny diňe bir binagärlik bilen däl, eýsem taryhy çeşmeler bilen hem esaslandyrýar. Gadymy grek taryhçysy Plutarh «Aleksandryň durmuşy» diýen işinde Filipp II-niň Miezada öz ogly we abraýly makedoniýalylaryň çagalary üçin mekdep gurdurandygyny, sapak bermek üçin bolsa Aristoteli çagyrandygyny ýazypdy. Şeýle okuw jaýlary gimnasiýalar diýlip atlandyrylypdyr we ylym sapaklaryny beden taýýarlygy bilen utgaşdyrypdyr.

Gazuw-agtaryş işleriniň ýolbaşçysy Angeliki Kottaridi birnäçe ýyl mundan öň Miezanyň antik teatrynyň ýanyndaky gadymy desgalaryň nähili maksat bilen gurlandygyny kesgitländigini aýtdy. Topar doly göwrümli gazuw-agtaryş işlerine 2024-nji ýylda başlady, ýöne toplumyň bir bölegi mundan 20 ýyldan gowrak ozal hem öwrenilipdi.

Arheologlaryň bu çaklamasyny beýleki taryhçylar hem goldaýar. Olaryň pikiriçe, subutnamalar toplumy hut Filipp II-niň Aristotele hödürlän mekdebini görkezýär.

Taryhçy Elizabet Beýnemiň pikiriçe, kaşaň toplum Filipp II-niň mümkinçiliklerine doly gabat gelipdir. Mieza Makedoniýanyň paýtagty Pelladan, takmynan, 43 kilometr uzaklykda ýerleşipdir. Taryhçynyň aýtmagyna görä, bu uzaklyk Aleksandryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gerek bolupdyr:

«Eger kakasy öldürilse, şeýle uzak aralyk Aleksandra gaçmaga mümkinçilik bermelidi».

Geljekki serkerdäniň we onuň ýoldaşlarynyň alan bilimi ýokary derejede bolandygy çaklanylýar.

«Hemme delillere görä örän akylly bolan Aleksandra bilimleriň giňligi we pikirleriň çuňlugy boýunça antik dünýäniň iň beýik akyldarlarynyň biri bilim beripdir. Aristotel şol wagt kyrk ýaşyndan sähel geçipdi» – diýip, Beýnem belledi.