Awazada Amyderýanyň we Syrderýanyň suwuny rejeli ulanmak meselesi maslahatlaşyldy

Şu gün, 10:41680

7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebitiň iri derýalarynyň — Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Çärä ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary hem-de suw hojalyk pudagynyň bilermenleri gatnaşdy. Duşuşyk suw serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak meseleleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, azyk we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak maksady bilen guraldy.

Gatnaşyjylar Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça gazanylan ylalaşyklary berjaý etmegiň hem-de Türkmenistan tarapyndan halkara giňişlikde öňe sürülýän suw diplomatiýasy ýörelgelerini ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Ýurt Merkezi Aziýada suw meselesiniň halkara hukugyň kadalary, özara hormat goýmak we sebitiň her bir döwletiniň bähbitlerini nazara almak arkaly çözülmelidiginden ugur alýar.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda suw hojalyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, damjalaýyn suwaryşy giňeltmek, akabalary betonlamak we serhetüsti akýan derýalaryň suw akymlaryny sanlylaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini kämilleşdirmek, çölleşme we topragyň şorlaşmagy bilen göreşmek hem-de gidroenergetika bilen suwarymly ekerançylygyň bähbitlerini utgaşdyrmak barada durlup geçildi.

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetine ýokary baha berip, Awazada kabul edilen çözgütleriň sebitde durnuklylygy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.