Medeniýet we jemgyýet

Gylyksyz adamlar bilen gatnaşmak tiz garradýar
13.03.2026 13:16
5.7k+

Gylyksyz adamlar bilen gatnaşmak tiz garradýar

Ýaramaz gylykly adamlar bilen gatnaşmak biologiki garramagy, takmynan, 1,5% çaltlaşdyryp biler. Amerikan alymlary şeýle netijä geldiler, olaryň bu ugurda geçiren ylmy barlagy PNAS portalynda çap edildi. Barlagçylar 2300-den gowrak adamyň maglumatlaryny öwrendiler
ABŞ Green Card lotereýasyna gatnaşmagyň düzgünlerini ýene-de üýtgedýär
13.03.2026 11:51
8.9k+

ABŞ Green Card lotereýasyna gatnaşmagyň düzgünlerini ýene-de üýtgedýär

ABŞ-nyň häkimiýetleri grin-kart (Green Card) lotereýasyna gatnaşmagyň düzgünlerini üýtgetmegi meýilleşdirýär. Täze talaplar 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde güýje girip biler we olar eýýäm «DV-2027» utuşy üçin ulanylar
Universal meşhur Bon Jovi rok-topary barada film düşürer
13.03.2026 11:04
1.1k+

Universal meşhur Bon Jovi rok-topary barada film düşürer

Universal studiýasy Bon Jovi rok-toparynyň taryhy barada film düşürmek hukugyny aldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Filmiň ssenarisini «Satoşini öldürmek» («Убить Сатоши») trilleri bilen tanalýan Kodi Brotter ýazar
Dubaýda daşdan oýulyp ýasalana meňzeýän binaň taslamasy görkezildi
13.03.2026 10:36
7k+

Dubaýda daşdan oýulyp ýasalana meňzeýän binaň taslamasy görkezildi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik firmasy Dubaý Halkara Maliýe Merkeziniň (DIFC) sebitinde gurulmagy meýilleşdirilýän Janu Dubai köpugurly gurluşyk taslamasy bilen tanyşdyrdy. Arhitektorlar töweregindäki aýnadan gökdirän binalary bilen deňeşdirilende düýpgöter tapawutly dizaýny teklip etdiler
Barbra Streýzanda Kann kinofestiwalynda hormatly «Altyn palma şahasy» gowşurylar
13.03.2026 07:16
1.8k+

Barbra Streýzanda Kann kinofestiwalynda hormatly «Altyn palma şahasy» gowşurylar

Amerikan aktrisasy we aýdymçysy Barbra Streýzand Kann kinofestiwalynda hormatly “Altyn palma şahasy” bilen sylaglanar. Bu barada festiwalyň guramaçylary habar berdiler. Baýrak onuň kino we saz sungatyna goşan goşandy üçin gowşurylar
Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi
12.03.2026 23:05
8.8k+

Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi

«Kanadanyň Toronto şäherinde howply ekologik ýagdaý ýüze çykdy. Gyşyň dowamynda köçelerden çykarylan äpet gar topbagy daşky gurşawa zyýan ýetirmek howpuny salýar» diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Ýanwar aýynda şähere bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 58 santimetr ýagyn düşüp, rekord derejedäki gar hasaba alyndy
Kwentin Tarantino teatrda ilkinji gezek komediýa farsy bilen çykyş edýär
12.03.2026 21:12
1.3k+

Kwentin Tarantino teatrda ilkinji gezek komediýa farsy bilen çykyş edýär

Kwentin Tarantino özüniň ilkinji teatr oýnuny taýýarlaýar. Režissýor "köne britan farsy" žanryndaky sahna oýnunyň üstünde işleýär diýip, Variety neşiri habar berýär . Ilkinji görkezilişini 2027-nji ýylda Londonda geçirmek meýilleşdirilýär
Billi Aýliş ilkinji gezek doly metražly kinoda özüni aktýor hökmünde synap görer
12.03.2026 20:25
2.4k+

Billi Aýliş ilkinji gezek doly metražly kinoda özüni aktýor hökmünde synap görer

Billi Aýliş ýazyjy Silwiýa Plattyň «Aýna kapasyň içinde» (The Bell Jar) romanynyň esasynda surata düşüriljek filmde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu 25 ýaşly aýdymçynyň doly metražly kinodaky ilkinji aktyorlyk işi bolar
Kamçatkadaky Şiweluç wulkanyndan 8 kilometr belentlige kül sütüni pürküldi
12.03.2026 19:17
4.7k+

Kamçatkadaky Şiweluç wulkanyndan 8 kilometr belentlige kül sütüni pürküldi

Şu gün günortanlar Kamçatkada ýerleşýän Şiweluç wulkanyndan deňiz derejesinden 8 kilometr belentlige çenli uzaboýuna kül sütüni pürküldi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Uzak Gündogar bölüminiň Wulkanologiýa we seýsmologiýa institutynyň KVERT topary habar berdi
Täze britan banknotlarynda Çerçilliň portreti kirpiler we torsuklar bilen çalşyrylyp bilner
12.03.2026 19:07
6.4k+

Täze britan banknotlarynda Çerçilliň portreti kirpiler we torsuklar bilen çalşyrylyp bilner

Angliýanyň Banky täze nesil banknotlaryň dizaýnyny üýtgetmegi we taryhy şahsyýetleriň, şol sanda Uinston Çerçilliň şekillerinden ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. Olaryň ýerine kagyz pullarda Beýik Britaniýanyň ýabany tebigatynyň wekilleri peýda bolup biler
Şnobel baýragyny gowşuryş dabarasy wiza meseleleri sebäpli Sýurihe geçirildi
12.03.2026 18:24
2k+

Şnobel baýragyny gowşuryş dabarasy wiza meseleleri sebäpli Sýurihe geçirildi

2026-njy ýylda Şnobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy öz taryhynda ilkinji gezek ABŞ-nyň çäginden daşarda geçiriler. Associated Press neşiriniň habar bermegine görä, nobatdaky dabara şu ýylyň sentýabr aýynda Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde gurnalar
Minskdäki halkara kitap sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň Güni guralar
12.03.2026 18:22
2.1k+

Minskdäki halkara kitap sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň Güni guralar

17–22-nji mart aralygynda Minsk şäherinde XXXIII Halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre GDA giňişligindäki iň iri kitap forumlarynyň biridir. Belta agentliginiň habar bermegine görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň tematiki günleriniň çäginde Türkmenistan hem öz maksatnamasyny hödürlär
Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy
12.03.2026 16:43
4.9k+

Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar
Döwlet sirki Nowruz baýramy mynasybetli çagalar üçin täze şüweleň taýýarlaýar
12.03.2026 16:34
2.2k+

Döwlet sirki Nowruz baýramy mynasybetli çagalar üçin täze şüweleň taýýarlaýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli çagalar üçin täze sirk oýunlarynyň maksatnamasyny taýýarlady. Tomaşaçylar şüweleňiň dowamynda türkmen milli sirk sungatynyň däplerini özünde jemleýän çykyşlara tomaşa edip biler
It eýesiniň irki tapgyrdaky düwnük keselini lukmanlardan öň duýup halas etdi
12.03.2026 15:14
4.9k+

It eýesiniň irki tapgyrdaky düwnük keselini lukmanlardan öň duýup halas etdi

Beýik Britaniýadaky Kent graflygynyň Hedkorn obasynyň ýaşaýjysy 70 ýaşly Kollin Fergýuson özüniň Inka atly nemes owçarkasynyň öýken ragyny wagtynda anyklamaga kömek edendigini aýdýar. Daily Star neşiriniň ýazmagyna görä, zenanyň iti özüni adatdakydan üýtgeşik alyp baryp, esasanam eýesiniň dem alşyna aýratyn üns beripdir
6 ýyllyk tejribesi bolan 10 ýaşly dizaýner Pariž moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny görkezdi
12.03.2026 10:52
4.1k+

6 ýyllyk tejribesi bolan 10 ýaşly dizaýner Pariž moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny görkezdi

10 ýaşly amerikaly dizaýner Maks Aleksander Pariž moda hepdeliminde öz kolleksiýasyny hödürläp, bu çärede öz işlerini görkezen iň ýaş kutýurýe (ýokary derejeli moda dizaýneri) boldy. Oglanjyk takmynan alty ýyldan bäri eşik tikmek bilen meşgullanýar
Şwarsenegger 1982-nji ýylda özüni meşhur eden keşbine dolanyp geler
12.03.2026 10:42
6.6k+

Şwarsenegger 1982-nji ýylda özüni meşhur eden keşbine dolanyp geler

Arnold Şwarsenegger «Patyşa Konan» («Король Конан») filminde ýene-de Konan-warwaryň keşbini janlandyrar. «Deadline» neşiriniň habar bermegine görä, bu taslama «20th Century Studios» studiýasy tarapyndan işlenip düzülýär
Döwletliler köşgüniň okuwçysy Leýli Möwlamowa «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» boldy
12.03.2026 10:01
5.1k+

Döwletliler köşgüniň okuwçysy Leýli Möwlamowa «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» boldy

11-nji martda Aşgabatda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy
Emeli aňa duýduryş: 10 müň ýazyjy içi boş kitap neşir etdiler
12.03.2026 00:00
4.8k+

Emeli aňa duýduryş: 10 müň ýazyjy içi boş kitap neşir etdiler

«10 000-e golaý ýazyjy öz eserleriniň emeli aňy işläp düzüji kompaniýalar tarapyndan rugsatsyz ulanylmagyna garşylyk bildirip, «Bu kitaby ogurlama!» atly içi boş kitap çap etdiler» diýip, The Guardian gazeti habar berýär
Sýurihli alymlar süňkleri dikeltmek üçin gidrogel döretdiler
11.03.2026 21:31
2.2k+

Sýurihli alymlar süňkleri dikeltmek üçin gidrogel döretdiler

Sýurih uniwersitetiniň alymlary gidrogel implantatynyň kömegi bilen süňk dokumasyny dikeltmegiň täze tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu materialyň 97 göterimi suwdan ybarat bolup, ol želeni ýatladýan gurluşa eýedir
Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär
11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi
Alymlar suw aýylarynyň uzak ýaşamaga jogapkär genini gurçuklara göçürdiler
11.03.2026 19:29
3.8k+

Alymlar suw aýylarynyň uzak ýaşamaga jogapkär genini gurçuklara göçürdiler

Fransiýanyň CNRS we INSERM ylmy-barlag edaralarynyň, şeýle-de Monpelýe uniwersitetiniň alymlary ylymda täze sahypa açan üýtgeşik tejribe geçirdiler. Tejribede dünýäniň iň çydamly jandary hasaplanylýan suw aýylarynyň (tihohodkalaryň) geni Caenorhabditis elegans diýlip atlandyrylýan gurçuklaryň genomyna göçürildi we netijede olaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak başartdy
Türkmenistan BMG-niň Halkara kofe güni baradaky rezolýusiýasynyň awtordaşy boldy
11.03.2026 17:11
2.9k+

Türkmenistan BMG-niň Halkara kofe güni baradaky rezolýusiýasynyň awtordaşy boldy

BMG-niň Baş Assambleýasy 1-nji oktýabry Halkara kofe güni diýip yglan etdi. Degişli rezolýusiýa sişenbe güni Nýu-Ýorkda tassyklanyldy. Onlarça ýurt, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan we Gyrgyzystan resminamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etdi
«Awatar: Ot we kül» filmi we Tom Kruz «Saturn» baýragyna mynasyp boldy
11.03.2026 15:41
2.3k+

«Awatar: Ot we kül» filmi we Tom Kruz «Saturn» baýragyna mynasyp boldy

Los-Anjelesde ylmy fantastika, fentezi we horror žanrdaky filmleri saýlap-seçýän 53-nji «Saturn» baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada «Awatar: Ot we kül» filmi iň gowy ylmy-fantastik film diýlip ykrar edildi we Jeýms Kemeron iň gowy režissýor baýragyna mynasyp boldy
Teýlor Swiftiň baýlygy 2 milliard dollara ýetdi
11.03.2026 14:53
5.8k+

Teýlor Swiftiň baýlygy 2 milliard dollara ýetdi

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň baýlygy soňky aýlarda 400 million dollar artdy. «Forbes» žurnalynyň täze maglumatlaryna görä, onuň umumy baýlygy 2 milliard dollara ýetdi. Aýdymçy «Forbes World’s Celebrity Billionaires» sanawynda ýedinji orny eýeleýär
2000 ýaşly Bagdat batareýasy häzir hem işleýän bolup çykdy
11.03.2026 14:45
5.8k+

2000 ýaşly Bagdat batareýasy häzir hem işleýän bolup çykdy

Käwagt bir ownujak närse tutuş bir döwür baradaky düşünjäni üýtgedip bilýär. Arheologlaryň we inženerleriň arasynda bir asyra golaý wagt bäri çekeleşiklere sebäp bolup gelýän, «Bagdat batareýasy» ady bilen meşhur bolan syrly tapyndy bilen hem hut şeýle ýagdaý ýüze çykdy
Gaý Riçi «Kanundan daşary» filminiň ilkinji treýlerini görkezdi: baş rollarda Genri Kawill we Jeýk Jillenhol
11.03.2026 14:33
2.9k+

Gaý Riçi «Kanundan daşary» filminiň ilkinji treýlerini görkezdi: baş rollarda Genri Kawill we Jeýk Jillenhol

Black Bear YouTube kanalynda Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» (Вне закона) filminiň treýleri çykdy. Filmde baş keşpleri Jeýk Jillenhol («Ýol ýakasyndaky öý»), Genri Kawill («Polat adam») we Eýsa Gonsales («Üç jisim meselesi») janlandyrýarlar
Meta akylly äýnekleriniň adamlary gizlin synlaýanlygynda aýyplanýar
11.03.2026 13:54
3.2k+

Meta akylly äýnekleriniň adamlary gizlin synlaýanlygynda aýyplanýar

Meta korporasiýasy ABŞ-da emeli aňly «akylly» äýneklerini ulanmakda gizlinlik düzgünleriniň bozulmalary bilen bagly kazyýet şikaýaty bilen ýüzbe-ýüz boldy. Muňa Şwesiýanyň Svenska Dagbladet we Göteborgs-Posten gazetlerinde çap edilen makalalar sebäp boldy
Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar
11.03.2026 10:27
5.9k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer
Adamzat taryhynda ilkinji gezek asman jisiminiň Gün daşyndaky orbitasy üýtgedildi
11.03.2026 10:04
3.7k+

Adamzat taryhynda ilkinji gezek asman jisiminiň Gün daşyndaky orbitasy üýtgedildi

Halkara astronomlar topary NASA-nyň DART kosmos zondunyň Dimorf asteroidi bilen çaknyşmagynyň Didim we Dimorf goşa asteroidler ulgamynyň Gün daşyndaky hereket traýektoriýasyny üýtgedendigini tassyklady. Illinoýs ştatynyň uniwersitetinden Rahil Makadiýanyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar 2022-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň martyna çenli bolan döwürde 22 sany okkultasiýa wakasyny seljerdiler
Türkmenistanyň DIM-iniň HGI-de zenanlaryň diplomatiýadaky orny barada dialog geçirildi
10.03.2026 19:28
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň HGI-de zenanlaryň diplomatiýadaky orny barada dialog geçirildi

10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin guralan ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde amala aşyryldy
Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer
10.03.2026 18:32
1.6k+

Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär. Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär
HBO «Garri Potter» serialynyň täze aktýorlaryny tanyşdyrdy
10.03.2026 16:56
4.8k+

HBO «Garri Potter» serialynyň täze aktýorlaryny tanyşdyrdy

HBO kompaniýasy «Garri Potter» älemine esaslanýan täze serialda talyplaryň rollaryny janlandyrjak aktýorlary mälim etdi. Tomaşaçylara taslamanyň birinji möwsüminde Hogwarts mekdebiniň dört fakultetinde okaýan gahrymanlar görkezildi
Alymlar ýyldyzly asmanyň 2000 ýyllyk gadymy kartasyny dikeldýärler
10.03.2026 16:48
2.9k+

Alymlar ýyldyzly asmanyň 2000 ýyllyk gadymy kartasyny dikeldýärler

Alymlar ýyldyzly asmanyň iň gadymy kartalarynyň birini täzeden dikeltmäge synanyşýarlar. Bu katalog gadymy grek astronomy Gipparh tarapyndan biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda, ýagny teleskoplar peýda bolmazdan has öň düzülipdir diýip çaklanýar
Netflix Ben Afflegiň startapyny satyn alýar
10.03.2026 16:13
2.5k+

Netflix Ben Afflegiň startapyny satyn alýar

Netflix kompaniýasy kino senagaty üçin emeli aň esasyndaky gurallary işläp taýýarlaýan "InterPositive" tehnologik startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu geleşik kompaniýanyň film we serial önümçiliginde neýroulgam tehnologiýalaryny has işjeň ulanmaga bolan ymtylyşyny aýdyň görkezýär
«Günäliler» we «Bir söweşden soň beýleki» filmleri Amerikanyň ssenariçiler gildiýasynyň esasy baýraklaryny aldy
10.03.2026 16:02
3.7k+

«Günäliler» we «Bir söweşden soň beýleki» filmleri Amerikanyň ssenariçiler gildiýasynyň esasy baýraklaryny aldy

Amerikada her ýyl gowşurylýan Amerikanyň ssenariçiler gildiýasynyň (WGA) nobatdaky baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Iň gowy özboluşly ssenariýa ugrundaky baýraga «Günäliler» (Грешники) filminiň ssenaristi we režissýory Raýan Kugler mynasyp boldy
Hindistanda badminton topunyň şekilinde bina guruldy
10.03.2026 15:29
5.6k+

Hindistanda badminton topunyň şekilinde bina guruldy

Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde «Archohm» arhitektura studiýasy Milli badminton akademiýasynyň binasynyň gurluşygyny tamamlady. Toplum badminton oýnunda esasy gural hökmünde ulanylýan wolana çalymdaş şekilde guruldy
«Atletikonyň» oýunçylary meýdança «Kesgir gaşlaryň» gangsterleriniň «goragy astynda» çykar
10.03.2026 14:52
8.4k+

«Atletikonyň» oýunçylary meýdança «Kesgir gaşlaryň» gangsterleriniň «goragy astynda» çykar

«Atletikonyň» futbolçylary «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» (Острые козырьки: Бессмертный человек) atly doly metražly filmiň mahabat kampaniýasyna gatnaşar. Madrid kluby Netflix striming hyzmaty bilen hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy
Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy
10.03.2026 13:50
9.2k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky
Pekinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi
10.03.2026 11:39
4.2k+

Pekinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisinden soň, Türkmenistanyň wekiliýeti Pekindäki Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.