«Awatar: Ot we kül» filmi we Tom Kruz «Saturn» baýragyna mynasyp boldy

11.03.2026, 15:412,373

Los-Anjelesde ylmy fantastika, fentezi we horror žanrdaky filmleri saýlap-seçýän 53-nji «Saturn» baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada «Awatar: Ot we kül» filmi iň gowy ylmy-fantastik film diýlip ykrar edildi we Jeýms Kemeron iň gowy režissýor baýragyna mynasyp boldy. Tom Kruz «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» filmindäki keşbi üçin iň gowy aktýor baýragyny alan bolsa, El Fanning «Ýyrtyjy: Ölüm planetasy» filmi bilen iň gowy zenan keşbi boýunça ýeňiji boldy.

Baýragyň esasy laureatlary:

  • Iň gowy ylmy-fantastiki film — «Awatar: Ot we kül» («Аватар: Пламя и пепел»);
  • Iň gowy fentezi — «Zalym:Baky» («Злая: Навсегда»);
  • Iň gowy horror — «Frankenşteýn»;
  • Iň gowy ekšn / başdan geçirme — «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk»; («Миссия невыполнима: Финальная расплата»);
  • Iň gowy triller — «Günäliler» («Грешники»);
  • Iň gowy režissýor — Jeýms Kemeron («Awatar: Ot we kül»);
  • Iň gowy aktýor — Tom Kruz  «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk»;
  • Iň gowy aktrisa — El Fanning «Ýyrtyjy: Ölüm planetasy» («Хищник: Планета смерти»);
  • Iň gowy ikinji derejeli aktýor — Jeýkob Elordi «Frankenşteýn»;
  • Iň gowy ikinji derejeli aktrisa — «Monstry tutmak» («Поймать монстра»);
  • Iň gowy ssenariýa — «Awatar: Ot we kül»;
  • Iň gowy halkara filmi — «Ölmez-ýitmez: Öýe barýan ganly ýol» («Бессмертный: Кровавая дорога домой»);
  • Iň gowy multfilm — «Haýwanlar şäheri 2» («Зверополис 2»);
  • Iň gowy ylmy-fantastiki serial — «Andor»;
  • Iň gowy horror-serialy — «Ol: Derrä hoş geldiňiz» («Оно: Добро пожаловать в Дерри»);
  • Iň gowy täze žanr serialy — «Köpüň biri» («Одна из многих»);
  • Iň gowy fentezi serialy — «Ýat illi zenan» («Чужестранка»).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.