Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
10.12.2025 11:00
4.9k+
«Awataryň» üçünji bölümini döretmek üçin $400 mln sarp edildi
Jeýms Kemeronyň «Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) filminiň önümçilik býujeti, bilermenleriň hasaplamalary boýunça, azyndan 400 million ABŞ dollaryna barabar. Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, şeýle mukdar blokbasteriň dowamynyň bahasy bilen deňleşýär
10.12.2025 10:00
2.2k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki baýramçylyk günlerinde şowhunly çykyşlaryna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 11-nji dekabrda sagat 19:00-da we 14
09.12.2025 22:19
3.2k+
iPhone 16 2025-nji ýylyň III çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy
iPhone 16 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň jemi boýunça dünýäde iň köp satylan smartfon boldy. Apple we Samsung kompaniýalarynyň her biriniň smartfonlary üç aýlyk hasabat döwründe umumy smartfon satuwynyň 20%-ini emele getiren ilkinji onlukda bäş orun aldy
09.12.2025 21:29
2.4k+
Xiaomi-niň ilkinji üç eplenýän smartfony şahadatnama almak prosesinden geçýär
Xiaomi ilkinji üç eplenýän smartfonyny bazara çykarmaga taýýarlanýar. Samsung bilen Huawei-niň iki şarnirli modelleri çykarýan döwründe kompaniýa hem öz ornuny saklamak isleýär we şeýle görnüşde öz wersiýasyny hödürleýär
09.12.2025 21:25
2.4k+
Killian Mýorfi bilen doly metražly «Kesgir gaşlar. Ölmez adam» filmi martda çykar
Meşhur serialyň dowamy boljak «Kesgir gaşlar. Ölmez adam» (Острые козырьки. Бессмертный человек) filmi 2026-njy ýylyň 6-njy martynda prokata çykar. Netflix resmi afişany we premýeranyň senesini sosial ulgamlarda paýlaşdy
09.12.2025 14:31
4k+
Paramount Warner Bros.-y Netflix-den kakyp almak üçin $108 mlrd teklip etdi
Paramount Skydance her paý üçin 30 dollar baha bilen Warner Bros. Discovery-ny 108 mlrd dollara satyn almak teklibi bilen çykyş etdi. Bu Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen şertnamany ylalaşandan birnäçe gün soň bolup geçdi diýip, Bloomberg habar berýär
09.12.2025 10:33
12k+
Gyşyň uly çille döwri başlandy: ol kyrk günläp dowam eder
8-nji dekabrdan gyşyň garagyş döwri tamamlanyp, uly çille döwri başlandy. Ol 17-nji ýanwara çenli dowam eder. "Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz...» diýýän türkmen uly çilläniň dowam edýän döwründe örän seresap, hüşgär bolmagy ündeýär
09.12.2025 10:25
7.5k+
2026-njy ýylyň “Altyn globus” baýragyna dalaşgärler yglan edildi
“Altyn globus” baýragynyň guramaçylary 2026-njy ýylyň baýragyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Dalaşgär görkezilmek boýunça Pol Tomas Andersonyň “Bir söweşden soň beýleki” (Битва за битвой) filmi öňdebaryjy boldy
08.12.2025 15:00
3.4k+
Aşgabatda okuwçylaryň arasynda «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýat, Aşgabat hem-de Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdylar
08.12.2025 13:21
3.5k+
«Forsažyň» ýyldyzy Win Dizel robot-boksçylar baradaky filmiň ssenarisini ýazar we oňa gatnaşar
«Forsaž» franşizasy boýunça belli bolan aktýor Win Dizel Mattel kompaniýasynyň boksçy robotlar baradaky taslamasynyň ssenariçisi we prodýuseri bolup çykyş eder, şol bir wagtyň özünde-de baş keşbi ýerine ýetirer
08.12.2025 13:19
5.2k+
ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi ýylyň iň gowy filmlerini saýlady
ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi (National Board of Review) «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmini soňlap barýan 2025-nji ýylyň iň gowy filmi diýip atlandyrdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär
08.12.2025 12:00
3.2k+
ILPOTY 2025: Emin agzalary halkara peýzaž fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini saýladylar
"Ýylyň halkara peýzaž suratçysy" (International Landscape Photographer of the Year, ILPOTY) halkara bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylaryň iberen 3600 suratynyň arasyndan iň gowularyny saýladylar
08.12.2025 11:33
3.4k+
Netflix 82,7 mlrd dollara Warner Bros.-y we “Garri Potter”, “Tagtlaryň oýny” we DC franşizalary üçin hukuk satyn alýar
Netflix akym platformasy 82,7 mlrd dollara Warner Bros. Discovery kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi. Şertnama tamamlanandan soň, platforma Warner Bros. kinostudiýasyna, HBO we HBO Max kanallaryna, şeýle-de filmleriň we seriallaryň giň toplumyna eýe bolar
08.12.2025 06:00
13k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (08.12 - 14.12)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar
07.12.2025 12:18
2k+
Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady
Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy
07.12.2025 12:06
4.6k+
Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady
Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden
07.12.2025 12:02
2.5k+
Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady
Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär
07.12.2025 12:00
4.9k+
Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar
Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar
07.12.2025 11:56
1.6k+
Grokipedia redaktirlemek üçin açyldy-da, şol bada meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy
Ilon Mask tarapyndan döredilen xAI kompaniýasynyň Grokipedia platformasy ulanyjylar tarapyndan açyk redaktirlemek üçin elýeterli boldy, ýöne bu düzedişleri barlamak we tassyklamak mehanizminde düýpli kemçilikleri ýüze çykardy
07.12.2025 11:55
5.7k+
Adamlar nämäniň gözleginde: Google 2025-nji ýylyň iň köp soralýan soraglaryny hödürledi
Dekabr, adatça, uly platformalaryň, medialaryň we hatda sözlükleriň ýylyň jemini jemleýän wagtydyr. Wikipedia iň köp girilen sahypalary, Spotify esasy aýdymy, Kembrij we Oksford sözlükleri bolsa ýylyň sözüni kesgitleýän wagty, Google gözleg kompaniýasy hem 2025-nji ýylda iň meşhur gözleg soraglarynyň sanawyny hödürledi
07.12.2025 11:44
2.1k+
2025-nji ýylda Wikipediada haýsy sahypalar köp görüldi
Wikipedia 2025-nji ýylda iň köp görlen iňlis dilindäki sahypalaryň sanawyny hödürledi. Geçip barýan ýylyň lideri sagçy aktiwist Çarli Kirk baradaky makala boldy. Ol 10-njy sentýabrda Ýuta ştatyndaky debat wagty heläk boldy
06.12.2025 10:04
10k+
A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi
A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar
06.12.2025 09:57
4.3k+
Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi
Samsung ýakynda hödürlenen we häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezýän resmi wideo bilen paýlaşdy. Model, takmynan, 2500 dollar bilen bahalandyryldy
05.12.2025 17:42
3.4k+
Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler
Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler
05.12.2025 17:28
3.3k+
Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär
Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär
05.12.2025 12:00
3.6k+
“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy
“Juda geň işleriň” (Stranger Things) bäşinji möwsümi Netflix-de iňlis dilindäki seriallaryň arasynda täze tomaşaçy rekordyny goýdy. 26-njy noýabrda çykan soňky möwsümiň ilkinji dört bölümine bir hepdäniň içinde 59,6 million gezek tomaşa edildi diýip, Deadline neşiri ýazýar
05.12.2025 11:54
3.1k+
Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi
Runway emeli aň tarapyndan döredilen wideolaryň hakykata golaýlygyny täze derejä çykarýan Gen 4.5 modelini hödürledi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze generator dessine "Artificial Analysis"-iň "Video Arena" atly, tekst beýanyndan wideo döretmäge niýetlenen EA modelleriniň reýtinginde Google Veo 3 we OpenAI Sora 2 Pro ýaly esasy bäsdeşlerinden öňe geçip, birinji orny eýeledi
05.12.2025 11:36
2.8k+
Londonly suratkeş şäher ilaty bilen geçirilen audio söhbetdeşlikleri maglumat merkeziniň öň tarapyny bezeýän nagşa öwürdi
Suratkeş Rafael El Baz Londonyň bir etrabynyň ýaşaýjylary bilen geçirilen söhbetdeşlikleri täze maglumat merkeziniň (data-center) öň tarapyny bezeýän uly göwrümli nagşa öwürdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär. El Baz Park-Roýal sebitindäki daş-töweregiň seslerini, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar we telekeçiler bilen bolan 120 audio söhbetdeşligi ýazga aldy
05.12.2025 09:26
12k+
Aşgabatda awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler
Aşgabat şäheriniň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler
05.12.2025 09:07
3.3k+
Tarantino XXI asyryň iň gowy filmlerini aýtdy. Sanawyň başynda – «Gara gyrgy»
Režissýor Kwentin Tarantino XXI asyryň iň gowy ýigrimi filminden ybarat sanawyny hödürledi. Ol bu reýtingi bilen «The Bret Easton Ellis Podcast» podkastynda paýlaşdy. Häzirki döwrüň iň meşhur režissýorlarynyň biri özünde güýçli täsir galdyran filmleri sanap geçdi we olary saýlamagynyň sebäbini jikme-jik düşündirdi
04.12.2025 23:46
2.9k+
YouTube-da indi ulanyjylar gören wideolary barada ýyllyk hasabat bilen tanşyp biler
YouTube öz taryhynda ilkinji gezek şahsylaşdyrylan ýyllyk hasabaty döretdi. Ol ulanyjynyň bir ýylyň dowamynda tomaşa eden wideolaryny görkezýär. Ozal YouTube Music-de Recap aýdym-saz statistikasy bardy, indi bolsa kontentiň ähli görnüşleri üçin umumy YouTube Recap peýda boldy
04.12.2025 15:53
1.7k+
Nýu-Ýorkda ýylyň iň gowy kino taslamalaryna Gotham Awards baýraklary gowşuryldy
Nýu-Ýorkda geçirilen 35-nji Gotham Awards dabarasynda baýragyň laureatlary yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Şu ýyl kino baýragynyň esasy eýesi eýranly režissýor Jafar Panahiniň «Ýönekeý bir tötänlik» dramasy boldy
04.12.2025 15:46
4.6k+
Microsoft «betnyşan» switerleriň kolleksiýasyny çykardy
Microsoft bir ýyldan soň ýene Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda muşdaklary «betnyşan» switerleriň kolleksiýasy bilen begendirmek isledi. Kolleksiýa «Artifact» switeri, Zune pleýeriniň stilinde goňur switer we Xbox konsollarynyň stilinde ýaşyl switer girdi
04.12.2025 15:43
2.8k+
Rolling Stone ýylyň iň gowy 20 filmini aýtdy: birinji orunda – «Bir söweşden soň beýleki»
Abraýly Rolling Stone neşiri 2025-nji ýylda prokata çykan iň gowy 20 filmiň sanawyny hödürledi. Sanawda birinji orny režissýor Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) dramasy eýeledi. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio, Şon Penn, Çeýz Infiniti, Benisio del Toro we Teýýana Teýlor ýerine ýetirdi
04.12.2025 13:46
12k+
Gurtly-Büzmeýin ugry boýunça Toyota Hiace kysymly kiçi awtobusyň gatnawy ýola goýuldy
"Awtomobil Ulag Hyzmaty” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäheriniň içindäki “Gurtly – Büzmeýin” ugry boýunça “Toyota Hiace” kysymly kiçi göwrümli awtobuslaryň hereketini ýola goýdy. Bu gatnaw ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga, paýtagtymyzyň degişli ýaşaýyş toplumlarynyň arasynda has amatly we yzygiderli ulag gatnawyny üpjün etmäge gönükdirilendir
04.12.2025 13:35
2.2k+
Paramount “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik” boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy
Paramount studiýasy “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik kinoda” franşizalary boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy. Bu barada Deadline habar berýär. “Nindzýa pyşbagalar” boýunça täze film 2028-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, “Sonik” älemi boýunça indiki doly metražly film bolsa bir aý soň, 2028-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykar
04.12.2025 13:32
3.1k+
Alymlar tüwiniň dykyz topragy “burawlamak” mehanizmini ulanýandygyny anyklady
Halkara biologlar topary tüwiniň köküniň hatda örän dykyz toprakdan nädip ösüp bilýändigini öwrendi. Nature žurnalyndaky ylmy makalada bellenilişi ýaly, ösümlik öz öýjükleriniň gurluşyny üýtgedip, köki özboluşly senagat turbasyna öwürýän aýratyn mehanizmi ulanýar eken
04.12.2025 13:30
3.1k+
“Forsaž 9-yň” režissýory Jastin Lin Helldivers oýnuny ekranlaşdyrar
“Forsaž 9” filmi bilen tanalýan režissýor Jastin Lin meşhur Helldivers (Dowzaha çümýänler) wideo oýnuny ekranlaşdyrmak bilen meşgullanar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi. Ssenariniň üstünde ozal “Ol” we “Annabeliň näleti” filmleri üçin ssenarileri sazlan Geri Doberman işlär
04.12.2025 06:52
11k+
Kosmonawt Kononenko Ýere dolanmazdan öň hemişe şol bir kitaby gaýtadan okaýar
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygy Oleg Kononenko RBK neşirine beren interwýusynda Ýere dolanmazdan öň öz edýän aýratyn işleriniň we şahsy däbiniň jikme-jiklikleri barada gürrüň berdi
04.12.2025 06:41
5.9k+
Faberženiň “Gyş ýumurtgasy” auksionda rekord 25,7 mln dollara satyldy
Russiýanyň soňky imperatory Nikolaý II-niň kolleksiýasyndan Faberženiň “Gyş ýumurtgasy” Londonda geçirilen auksionda 19,5 mln funt sterlinge (25,7 mln dollara deň) satyldy. Bu häzire çenli şeýle görnüşli önüm üçin tölenen iň ýokary baha boldy
«
1
…
46
47
48
…
276
»
«
1
…
43
44
45
46
47
48
49
50
51
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.