Türkmenistanyň Döwlet sirki baýramçylyk günlerinde şowhunly çykyşlaryna çagyrýar

10.12.2025, 10:002,232

Türkmenistanyň Döwlet sirki ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar.

11-nji dekabrda sagat 19:00-da we 14-nji dekabrda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň, esasan hem, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler.
Biletleri 
sirk.gov.tm resmi sahypasyndan onlaýn görnüşinde hem satyn alyp bolýar.

Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.