Medeniýet we jemgyýet

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli «Wagzy-Azat» kitabynyň türk dilindäki nusgasy tanyşdyryldy
08.11.2025 18:00
2.3k+

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli «Wagzy-Azat» kitabynyň türk dilindäki nusgasy tanyşdyryldy

6-njy noýabrda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli, onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Gabsburglar maşgalasynyň ýiten göwheri 100 ýyldan gowrak wagtdan soň tapyldy
08.11.2025 13:38
9.1k+

Gabsburglar maşgalasynyň ýiten göwheri 100 ýyldan gowrak wagtdan soň tapyldy

100 ýyldan gowrak wagt bäri ýiten diýlip hasaplanýan Gabsburglar hazynasyndan “Florenties” göwheri tapyldy. Häzire çenli ol Kanadanyň Kwebek welaýatynyň bank seýfinde saklanypdyr, ýöne maşgalanyň köp agzasy bu barada bilmeýärdi diýip, maşgalabaşy Karl Gabsburg-Lotaringskä salgylanyp, The New York Times we Der Spiegel habar berdi
Sora wideogeneratory indi Android-de elýeterli boldy
08.11.2025 08:08
2.7k+

Sora wideogeneratory indi Android-de elýeterli boldy

ChatGPT hyzmatyny döreden OpenAI kompaniýasy wideo döredýän Sora hyzmatynyň Android ulgamlary üçin wersiýasyny çykardy. Programma eýýäm Google Play-de peýda boldy, emma häzirki wagtda ähli ýurtlarda elýeterli däl
Tebigatyň mikro dünýäsi kadrda: 2025-nji ýylyň iň gowy makro suratlary
08.11.2025 07:52
7.6k+

Tebigatyň mikro dünýäsi kadrda: 2025-nji ýylyň iň gowy makro suratlary

“Ýylyň makro suratçysy 2025” baýragynyň finalçylarynyň gysga sanawy yglan edildi. Bäsleşik ýabany tebigatyň mikro dünýäsine — mör-möjekleriň, haýwanlaryň we ösümlikleriň ýakyndan şekillendirilişine bagyşlanýar
Çehiýadan model “Ýer hanymy – 2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
07.11.2025 22:31
11k+

Çehiýadan model “Ýer hanymy – 2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Manilada “Ýer hanymy – 2025” (Miss Earth) gözellik bäsleşigi geçirildi. Onuň ýeňijisi Çehiýadan Natali Puşkinowa boldy. Täji oňa geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi, awstraliýaly Jessika Leýn geýdirdi. Bu Çehiýanyň wekiliniň bäsleşikde ikinji gezek ýeňiş gazanmagy boldy – 2012-nji ýylda “Ýer hanymy” adyna Tereza Faýksowa mynasyp bolupdy
TikTok iň gowy blogerler üçin baýrak döretdi: ýeňijileri ulanyjylaryň özi saýlar
07.11.2025 19:12
9.4k+

TikTok iň gowy blogerler üçin baýrak döretdi: ýeňijileri ulanyjylaryň özi saýlar

TikTok wideo platformasy kontent awtorlary üçin hususy TikTok Awards baýragynyň döredilendigini mälim etdi. Bu barada platformanyň resmi saýtynda habar berilýär. Baýragyň ilkinji gowşurylyş dabarasy 18-nji dekabrda ABŞ-da geçiriler
Bloomberg: Apple iPhone-nyň prosessory oturdylan arzan bahaly MacBook taýýarlaýar
07.11.2025 10:30
1.9k+

Bloomberg: Apple iPhone-nyň prosessory oturdylan arzan bahaly MacBook taýýarlaýar

Apple kompaniýasy arzan bahaly MacBook çykarmagyň üstünde işleýär. Bu barada Bloomberg neşiri çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Täze noutbuk web sahypalaryny görkezmek, resminamalar bilen işlemek, multimedia faýllaryny ýeňil redaktirlemek ýaly ýokary güýç talap etmeýän gündelik işler üçin niýetlenýär
Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi geçirilýär
07.11.2025 09:59
2.1k+

Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi geçirilýär

3-nji noýabrda Stambuldaky Türkiýäniň edebiýatçylar jemgyýetiniň binasynda Türkiýe Respublikasyndaky Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň dabaraly açylyşy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çäräni Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnadylar
Aýdymçy Robbi Uilýams “Introwertiň kürsüsini” döretdi: oturan adam özüni gujaklanan ýaly duýýar
07.11.2025 06:36
5.9k+

Aýdymçy Robbi Uilýams “Introwertiň kürsüsini” döretdi: oturan adam özüni gujaklanan ýaly duýýar

Britaniýaly aýdymçy we sazanda Robbi Uilýams özüni mebel dizaýneri hökmünde barlap gördi. Ol Niderlandlaryň MOOOI kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda “Introwertiň kürsüsini” döretdi. Awtoryň aýtmagyna görä, ol ýumşak we rahat bolup, onda oturan adam özüni biriniň gujagynda ýaly duýýar
Xiaomi öz taryhynda fiziki zumly ilkinji smartfonyny taýýarlaýar
07.11.2025 06:29
4.2k+

Xiaomi öz taryhynda fiziki zumly ilkinji smartfonyny taýýarlaýar

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonyny taýýarlaýar. Ol eýýäm iki görnüşde – 2512BPNDAC we 25128PNA1C belgileri bilen Hytaýda şahadatnamalaşdyrmakdan geçdi. Bu barada Digital Chat Station insaýderi habar berýär
Alymlar haýsy ýurtlarda adamlaryň tebigat bilen baglanyşygy has güýçli duýýandygyny kesgitledi
07.11.2025 06:25
3.9k+

Alymlar haýsy ýurtlarda adamlaryň tebigat bilen baglanyşygy has güýçli duýýandygyny kesgitledi

Beýik Britaniýanyň we Awstriýanyň alymlary dürli ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň tebigat bilen arabaglanyşygy näderejede duýýandygyna düşünmek üçin ylmy gözleg geçirdi. Olar 61 döwlet boýunça maglumatlary seljerip, degişli reýtingi düzdüler diýip, The Guardian habar berýär
Mýanmada ýantarda ýaşy 99 mln ýyl bolan çybyn liçinkasy tapyldy
07.11.2025 06:22
3k+

Mýanmada ýantarda ýaşy 99 mln ýyl bolan çybyn liçinkasy tapyldy

Mýanmadaky Kaçin ştatynda ýaşy 99 mln ýyl bolan ýantar böleginde häzire çenli belli bolanlaryň arasynda iň gadymy çybyn liçinkasy tapyldy diýip, Independent habar berýär. Tirannozawrlaryň döwürdeşi bolan bu tapyndy ozal näbelli görnüşiň wekili bolup çykdy
LEGO Bred Pittiň baş keşbi ýerine ýetiren “F1” filmi boýunça täze toplumy hödürledi
06.11.2025 23:15
2k+

LEGO Bred Pittiň baş keşbi ýerine ýetiren “F1” filmi boýunça täze toplumy hödürledi

LEGO kompaniýasy Bred Pitt bilen Damson Idrisiň baş keşpleri ýerine ýetirmeginde çykan “F1” filmine bagyşlanan täze toplumy görkezdi. Toplum 268 bölekden ybarat bolup, ýaryş awtomobilini, şeýle-de baş gahrymanlaryň kiçi heýkeljiklerini: Sonni Heýsi (Bred Pitt) we Joşua Pirsi (Damson Idris) öz içine alýar
Ýogynlygy bary-ýogy 6,6 mm bolan Huawei Mate 70 Air hödürlendi
06.11.2025 19:02
5.3k+

Ýogynlygy bary-ýogy 6,6 mm bolan Huawei Mate 70 Air hödürlendi

Huawei Hytaýda “taryhda iň inçe Mate” diýip atlandyrýan Mate 70 Air ultra inçe flagmanyny hödürledi. Täze smartfonyň korpusynyň ýogynlygy bary-ýogy 6,6 mm boldy we bu iPhone Air bilen Galaxy S25 Edge-den sähel ýogyndyr
“Godzilla: Minus bir” filminiň dowamy “Godzilla: Minus nol” adyny alar
06.11.2025 11:17
3.7k+

“Godzilla: Minus bir” filminiň dowamy “Godzilla: Minus nol” adyny alar

Resmi Godzilla Official by Toho YouTube kanalynda “Godzilla: Minus bir” filminiň dowamynyň ilkinji tizeri çykdy. Täze bölüm “Godzilla: Minus nol” adyny aldy. Režissýor, ssenariçi we wizual effektler boýunça ýolbaşçy ýene-de birinji filmi döreden Takasi Ýamadzaki bolar
Minecraft iň köp satylan oýun boldy: 350 milliondan gowrak nusga satyldy
06.11.2025 11:06
1.4k+

Minecraft iň köp satylan oýun boldy: 350 milliondan gowrak nusga satyldy

Minecraft taryhda iň köp satylan wideooýun boldy. Oýun çykany bäri 16 ýylyň içinde bütin dünýäde oýunçylar 350 milliondan gowrak nusga satyn aldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär
Patyşa Karl III Dewid Bekheme rysarlyk derejesini berdi
06.11.2025 11:02
8.2k+

Patyşa Karl III Dewid Bekheme rysarlyk derejesini berdi

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Dewid Bekheme futbolyň we britan jemgyýetiniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin rysarlyk derejesini berdi. Dabara 4-nji noýabrda Berkşir graflygyndaky Windzor galasynda geçirildi diýip, BBC mediakorporasiýasy habar berdi
40 ýyl mundan ozal ýitip giden möjek-möýüň görnüşi Britan adalarynda gaýtadan tapyldy
05.11.2025 10:00
6.6k+

40 ýyl mundan ozal ýitip giden möjek-möýüň görnüşi Britan adalarynda gaýtadan tapyldy

Beýik Britaniýada uzak wagt bäri ýok bolup giden görnüş hökmünde hasaplanýan kiçijik möý goraghananyň diňe gaýyk arkaly baryp bolýan çet ýerinde gaýtadan gabat gelindi. Uaýt adasynda tapylan bu görnüş mämişi aýakly Aulonia albimana diýlip atlandyrylýan möjek-möýlere degişli
Newada ştatynda eşidilýän geň güňleç ses ilatda howsala döredip, ýerasty şäheriň gurluşygy baradaky gürrüňlere sebäp boldy
05.11.2025 09:37
12k+

Newada ştatynda eşidilýän geň güňleç ses ilatda howsala döredip, ýerasty şäheriň gurluşygy baradaky gürrüňlere sebäp boldy

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Newada ştatynyň (ABŞ) ýaşaýjylary Mid kölüniň golaýynda eşidilen näbelli güýçli güňleç sesler sebäpli howsala düşdüler. Las-Wegasyň 39 kilometr gündogarynda, Kolorado derýasynyň üstünde ýerleşýän bu uly suw howdanynyň töweregindäki kanýonlarda adaty bolmadyk güýçli we depginli sesleriň ýaňlanýandygy aýdyldy
Google dolulygyna emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji mahabat wideosyny görkezdi
04.11.2025 21:05
6.8k+

Google dolulygyna emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji mahabat wideosyny görkezdi

Emeli aň mahabat wideolaryny döretmek üçin işjeň ulanylyp başlandy we olar eýýäm sosial ulgamlarda hem telewideniýede görkezilýär. Olaryň önümçiligi üçin OpenAI Sora we Google Veo 3 ýaly kuwwatly modeller ulanylýar
Grenlandiýa kitiniň 200 ýyllap ýaşamagynyň syryny adamlarda ulanmak isleýärler
04.11.2025 19:53
10k+

Grenlandiýa kitiniň 200 ýyllap ýaşamagynyň syryny adamlarda ulanmak isleýärler

Grenlandiýa kitleri (Balaena mysticetus) ýer ýüzüniň iň uzak ýaşaýan haýwanlarynyň biri bolup, olaryň ömri 200 ýyldan gowrak dowam edip bilýär. Alymlar olaryň uzak ýaşamagynyň CIRPB diýlip atlandyrylýan ýörite belok bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar
Türkmenistanda bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
04.11.2025 19:30
6.9k+

Türkmenistanda bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynda «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda deslapky tapgyrlarda Aşgabat, Arkadag şäherlerinden, welaýatlardan ýeňiji bolan bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar
Britaniýaly fermerler kädilerden “Garaňkylygyň şazadasynyň” portretini ýygnap, rekord goýdular
04.11.2025 18:55
7.5k+

Britaniýaly fermerler kädilerden “Garaňkylygyň şazadasynyň” portretini ýygnap, rekord goýdular

Beýik Britaniýada fermerler Hellouini şeýle bir uly gerimde bellediler welin, hatda kädilerden we kabaçoklardan Black Sabbath toparynyň lideri, sazanda Ozzi Osbornyň ägirt portretini ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Rimiň merkezinde orta asyryň Konti binasy ýumruldy
04.11.2025 18:38
7.8k+

Rimiň merkezinde orta asyryň Konti binasy ýumruldy

Rimiň merkezinde şäheriň iň görnükli binalarynyň biri bolan Konti binasy bölekleýin ýumruldy diýip, Corriere della Sera habar berýär. Binada abatlaýyş işleri alnyp barylýardy. Waka bolan wagty binanyň içinde dört gurluşykçy işleýärdi
Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy
04.11.2025 15:19
5.7k+

Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy

Türkmenistandan iki wekil Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “THE PLANET OF ART – 2025” Halkara ýaşlar sungat festiwalynyň ýeňijileri boldular.  Ylham Orazmämmedow instrumental ugur boýunça, Aýşat Rejepowa bolsa horeografiýa ugrunda ýeňiş gazandy
TikTok-da uzyn widolary dik wideolara öwürmek üçin gural peýda bolar
04.11.2025 15:02
3.2k+

TikTok-da uzyn widolary dik wideolara öwürmek üçin gural peýda bolar

TikTok programmasynda awtomatik taýdan uzyn wideolary gysga dik wideolara öwrüp bilýän täze emeli aň guraly peýda bolar diýip, The Verge habar berýär. Smart Split atly funksiýa bir minutdan gowrak dowam edýän wideolar üçin niýetlenýär we podkastlar hem wideobloglar üçin has peýdaly bolar
ABŞ-da EA çat-botlary hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň wezipesini synag edildi
04.11.2025 12:32
1.7k+

ABŞ-da EA çat-botlary hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň wezipesini synag edildi

Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň (ABŞ) hukuk fakultetinde adaty bolmadyk synag geçirildi: emeli aň bilen işleýän çat-botlar hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň ornunda çykyş etdiler. Bu barada Futurism neşiri habar berýär
Freddi Krýuger Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy
04.11.2025 09:27
4.6k+

Freddi Krýuger Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy

“Garagaç köçesindäki elhençlik” (Кошмар на улице Вязов) filmlerinde Freddi Krýugeriň keşbi boýunça tanalýan aktýor Robert Inglund Golliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyz aldy. Dabara 31-nji oktýabrda, Hellouiniň öňüsyrasy geçirildi diýip, People habar berýär
“Ýoldaky jaýyň” režissýory studiýa bilen dawadan soň filmiň dowamyny özbaşdak düşürer
03.11.2025 17:33
8.2k+

“Ýoldaky jaýyň” režissýory studiýa bilen dawadan soň filmiň dowamyny özbaşdak düşürer

“Ýoldaky jaý” uruşly filminiň režissýory Dag Laýman Amazon MGM studiýasy bilen ýüze çykan düşünişmezlikden soň filmiň dowamyny özbaşdak düşürmegi meýilleşdirýär. Laýman 2024-nji ýyldaky film-remeýkiň kinoteatrlarda prokata goýbermezden, diňe Prime Video platformasynda çykarylandygyna nägilelik bildirdi
Netflix Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýniniň” soňky treýlerini görkezdi: premýera 7-nji noýabrda
03.11.2025 17:12
3.5k+

Netflix Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýniniň” soňky treýlerini görkezdi: premýera 7-nji noýabrda

Netflix akym hyzmaty režissýor Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň soňky treýlerini hödürledi. Filmiň premýerasy 7-nji noýabrda platformada bolar. Wideo Netflix-iň resmi YouTube kanalynda görmek üçin elýeterlidir
Kianu Riwz täze “Galpyldama” ylmy-fantastik trillerinde baş keşbi janlandyrar
03.11.2025 17:08
2.9k+

Kianu Riwz täze “Galpyldama” ylmy-fantastik trillerinde baş keşbi janlandyrar

“Matrisa” we “Jon Uik” filmleriniň ýyldyzy, kanadaly aktýor Kianu Riwz “Galpyldama” (Shiver) ylmy-fantastik filminde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada The Hollywood Reporter žurnaly habar berýär. Sýužet barada giňişleýin maglumatlar ýok
Jeýson Steýtem Gaý Riçiniň täze ekşn-trillerine gatnaşar
03.11.2025 17:04
3.9k+

Jeýson Steýtem Gaý Riçiniň täze ekşn-trillerine gatnaşar

Gaý Riçi bilen Jeýson Steýtem täze “Viva La Madness” (“Wiwa telbelik”) ekşn-trilleriniň üstünde işlär. Bu barada Variety habar berýär. Filmiň sýužeti gizlin saklanýar. Ol 2026-njy ýylyň ýanwarynda düşürilip başlanar
Apple iPhone 17-ni bejermek boýunça görkezmeleri çykardy we bölek şaýlary satyp başlady
03.11.2025 12:21
4.1k+

Apple iPhone 17-ni bejermek boýunça görkezmeleri çykardy we bölek şaýlary satyp başlady

Şu hepde Apple ABŞ-da, Kanadada we Ýewropanyň käbir ýurtlarynda öz-özüňe hyzmat ediş merkezlerinde iPhone 17, iPhone Air, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max smartfonlaryny bejermek üçin bölek şaýlary we gurallary sargyt üçin elýeterli etdi
Call of Duty boýunça filmi “Ýelloustoun" we “Henkok” filmleriniň režissýory düşürer
03.11.2025 12:18
3k+

Call of Duty boýunça filmi “Ýelloustoun" we “Henkok” filmleriniň režissýory düşürer

Meşhur Call of Duty oýun seriýasyna esaslanýan täze filmi “Diri galan” («Уцелевший») we “Henkok” («Хэнкок») filmleriniň režissýory Piter Berg surata düşürer. Bu barada Deadline neşiri ýazýar. Taslama şeýle hem “Ýelloustoun” serialynyň awtory, ssenariçi we prodýuser Teýlor Şeridan gatnaşar
Samsung geljekki Galaxy S26 flagmanlary barada ilkinji maglumatlary berdi
03.11.2025 10:02
9.3k+

Samsung geljekki Galaxy S26 flagmanlary barada ilkinji maglumatlary berdi

Samsung ilkinji gezek geljekki Galaxy S26 smartfon hatary barada gürrüň berdi. Kompaniýa 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe netijelerine bagyşlanan maslahatda resmi maglumatlar bilen paýlaşdy. Indiki smartfon hatary has kuwwatly prosessora, kämilleşdirilen emeli aňa we täze kameralara eýe bolar
“Ýewrowideniýede” hiç haçan ýeňiş gazanmadyk ýurt gaýdyp gelýär
03.11.2025 09:59
4.3k+

“Ýewrowideniýede” hiç haçan ýeňiş gazanmadyk ýurt gaýdyp gelýär

Iki ýyl arakesmeden soň 2026-njy ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine Rumyniýa gaýdyp gelýär. Bu barada Rumyniýanyň TVR ýaýlymy habar berip, bu aralykda ýurduň içerki saýlama prosesini gowulandyrmagyň we ýokary hilli şüweleňi taýýarlamagyň üstünde işländigini belledi
Windows 11-de täze, has amatly “Başlat” menýusy peýda boldy
02.11.2025 23:46
2.3k+

Windows 11-de täze, has amatly “Başlat” menýusy peýda boldy

Microsoft 25H2 we 24H2 wersiýaly Windows 11 üçin KB5067036 täzelenmesini çykardy. Ol ozal Windows Insider programmasynyň çäklerinde synagdan geçirilen täzelenen “Başlat” (Пуск) menýusyny hödürledi. Menýu ulanyjylar üçin has çeýe we amatly bolup, täze sazlama mümkinçiliklerini hödürleýär
Netflix-de “Jadygöýiň” 4-nji möwsümi çykdy: ilkinji synlar garyşyk boldy
02.11.2025 23:32
3.8k+

Netflix-de “Jadygöýiň” 4-nji möwsümi çykdy: ilkinji synlar garyşyk boldy

Netflix-de “Jadygöý” (The Witcher / Ведьмак) serialynyň dördünji möwsümi çykdy. Sekiz bölümiň hemmesi 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda elýeterli boldy. Täze möwsümde ilkinji gezek Riwiýadan Geraldyň keşbini Liam Hemswort ýerine ýetirdi
Oleg Kononenko Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirer
02.11.2025 20:34
9.6k+

Oleg Kononenko Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirer

Russiýanyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasy tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenkonyň Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde bellenendigini habar berdi
“Sessiz umytsyzlyk”: Ýewropanyň ýabany tebigat fotosuratçysy - 2025-iň ýeňijileri yglan edildi
02.11.2025 19:38
3.7k+

“Sessiz umytsyzlyk”: Ýewropanyň ýabany tebigat fotosuratçysy - 2025-iň ýeňijileri yglan edildi

Germaniýanyň Ýabany tebigatyň suratçylary jemgyýeti (GDT) abraýly “European Wildlife Photographer of the Year 2025” bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu ýylky baş baýragy germaniýaly 20 ýaşly ýaş suratçy Luka Lorens gazandy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.