“Ýylyň makro suratçysy 2025” baýragynyň finalçylarynyň gysga sanawy yglan edildi. Bäsleşik ýabany tebigatyň mikro dünýäsine — mör-möjekleriň, haýwanlaryň we ösümlikleriň ýakyndan şekillendirilişine bagyşlanýar.
Bu ýyl eminler 11 ugur boýunça hödürlenen 12 557 suraty synlady we olaryň arasynda iň güýçli işleriň awtorlaryny saýlady. Ýeňijiler 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda belli bolar. Şeýle hem ilkinji 100 iň gowy surat köpçülige görkeziler.
2025-niň finalçylaryndan käbiri:

Haýwanlar — © Frensis Kýoýer (Frensis Kuijer)

Oňurgasyzlaryň portreti — © Andreý Ketroni (Andrei Chetronie)

Haýwanlar — © Rafael Ştaýslesberger (Rafael Steislesberger)

Mör-möjekler — © Uwe Simmerman (Uwe Zimmerman)

Haýwanlar — © Giýom Korrea-Pimpao (Guillaume Correa-Pimpao)

Mör-möjekler — © Imre Potyo (Imre Potyo)

Möý şekilliler — © Pawel Krasenskiý (Pavel Krasensky)

Haýwanlar — © Winse Balint (Vincze Balint)

Haýwanlar — © Dwir Barkaý (Dvir Barkay)

Mör-möjekler — © Mark Pal (Mark Pal)
Bäsleşik 2018-nji ýylda Treýsi we Den Kalder tarapyndan esaslandyryldy we ýerli tebigat suratçylary üçin iň abraýly halkara meýdançalaryň birine öwrüldi.