Bird Photographer of the Year 2026 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.
Bu ýyl bäsleşige 24 müňden gowrak fotosurat hödürlendi. Şotlandiýanyň kenarýakalarynda ummandan suwa çümüp barýan demirgazyk gannetini surata düşüren beýik britaniýaly fotosuratçy Henli Spirs bäsleşigiň baş baýragyna hem-de 4 müň dollar möçberindäki baýraga mynasyp boldy.

Onuň bu işi birbada baş baýragy we «Guşlar daşky gurşawda» atly ugurda ýeňiş gazandy. Suratdaky sümsük guşy suwy böwsüp geçen ýagtylyk şöhlesi ýaly görünýär. Bu guşlar aw wagtynda uly belentlikden deňze çümüp, ganatlaryny bedenine gysýar hem-de sagatda, takmynan, 86 kilometr tizlige ýetýär.
Beýleki ugurlar boýunça ýeňijiler:

- «Uçuşdaky guşlar»: Iwan Şegren (Kanadadaky Freýzer derýasynyň deltasynda ýerleşýän şor batgalyklaryň üstünden uçup barýan hüwi).

- «Ak-gara surat»: Rahul Saçdew (Keniýadaky Amboseli kölüniň takrap galan düýbünde duran düýeguş).

- «Guşlaryň özlerini alyp barşy»: Donald Çin (agaç gabygy bilen garylyp, göze ilmän oturan gündizkör).

- «Tebigaty goramak»: Kent Stýuart (çüňküne çeňňegiň ýüpi çolaşan gök hokgar).

- «Iň gowy portret»: Tomas Deliberto (jübütleşmäge taýýarlyk döwründe çil käkiliginiň erkeginiň özüni alyp barşy).

- «Döredijilikli garaýyş»: Asmund Keýlen (awtoulagyň ýalpyldawuk üçeginde köp gezeklik ekspozisiýa usulynda surata düşürilen atgarlawaç).

- «Şäher guşlary»: Janluka Damiani (Rimde düşürilen surat).

- «Ýylyň ýaş orintolog fotosuratçysy»: Parham Purahmad («Aýly gije»).
Gurnaýjylar indiki ýylky geçiriljek bäsleşik üçin suratlary kabul etmäge başlady. Oňa dürli derejedäki fotosuratçylar gatnaşyp biler.
Bäsleşigiň beýleki ýeňiji we baýrakly suratlaryny Bird Photographer of the Year 2026-nyň resmi web sahypasynda görmek bolýar.