Close-up Photographer of the Year atly halkara makrofotosurat bäsleşiginiň sekizinji möwsüminiň jemleýji tapgyryna saýlanan işler köpçülige hödürlendi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden suratçylar bäsleşige rekord derejede — 15 388 sany suraty iberdiler.
Baş baýragyň eýesi we dürli ugurlar boýunça ýeňijiler 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda yglan ediler.
Jemleýji tapgyra saýlanan täsin suratlaryň ýene bir tapgyryny dykgatyňyza hödürleýäris:

«Äpetleriň bagy» / © Csaba Daroczi («Mör-möjekler»).

«Kädi arysy» / © Neil Losin («Mör-möjekler»).

«Köpürjikler şalygy» / © Filippo Carugati («Haýwanlar»).

«Öküzgurbaganyň gözi» / © Luke Martin («Haýwanlar»).

«Duzaga düşen» / © Peter O'Neill («Haýwanlar»).

«Rezin oglan» / © Dario Podesta («Haýwanlar»).

«Gaplaň ýelkenli kebelegiň gurçugy» / © Jack Forrester («Kebelekler we teneçirler»).

«Teneçiriň portreti» / © Derek Moorse («Kebelekler we teneçirler»).

«Tropiki gujaklaşmalar» / © Rupert Lees.

«Tikenli arka» / © Jeremiah Winden.

«Gözli iým» / © Emanuele Biggi.

«Suwasty uçuş» / © Rene Brunda («Suwasty dünýä»).

«Täze başlangyç» / © Ofek Liepaz («Suwasty dünýä»).

«Tomus düri» / © Sandra Stalker («Suwasty dünýä»).

«Metatrichia vesparia nemlijesi» / © Karsten Buch («Kömelekler we nemlijeler»).

«Saýlantgy» / © Andrey Kuznetsov.

«Dumana çümen ýazky gülleýiş» / © Andrew Baruffi.

«Gözbaşlar III» / © Charlotte Greenwood («Studiýa sungaty»).

«Bägül tikenleri» / © Donald Bolak («Studiýa sungaty»).

«Möjek möý» / © Spencer Hitchen («Ýaş suratçylar»).

«Bilesigeliji senjap» / © Emma Navazesh («Ýaş suratçylar»).
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu suratlar bize gündelik görüp ýören tebigatymyza täzeçe garamaga mümkinçilik berýär. Bu suratlar arkaly diňe ýörite enjamlaryň kömegi bilen saýgaryp bolýan örän ownuk zatlary, dürli şekilleri we tebigy gurluşlary synlamak bolýar. Şeýlelikde, adaty göze sap atan täsinlikler tomaşaçylaryň öňünde täze dünýäni açýar.