Natural Landscape Photography Awards (NLPA) bäsleşiginiň guramaçylary ýylda geçirilýän tebigy peýzaž fotosuratlaryna bagyşlanan bäsleşigiň nobatdaky ýeňijilerini yglan etdi. «Ýylyň fotosuratçysy» diýen ada bu gezek Lukaş Furlan, «Ýylyň fotosuraty» baýragyna bolsa Abraham Saýkli mynasyp boldy.
NLPA bäsleşigi tebigaty mümkin boldugyndan surata alnan pursadyndaky görnüşine golaý düşürmek isleýän fotosuratçylary birleşdirýär. Şonuň üçin bäsleşikde suratlaryň işlenişine berk çäklendirmeler goýulýar. Munda kadrda bolmadyk täze elementleri goşmak, kompozit usullary ýa-da generatiw emeli aňdan peýdalanmak gadagandyr. Hatda suratyň belli bir bölegini aýratyn ýagtylandyrmak hem ýasama ýagtylyk täsirini döredýän bolsa, iş bäsleşikden çykarylyp bilner.
Şol bir wagtyň özünde käbir rejeleme usullaryna rugsat berilýär. Mysal üçin, birnäçe suraty birleşdirip panorama döretmek ýa-da birnäçe kadry biri-biriniň üstüne goýup steking usulyny ulanmak rugsat edilýär. Ilkinji tapgyrdan geçen sanly fotosuratlaryň asyl RAW faýllary bilen tassyklanmagy talap edilýär. Bäsleşige plýonkaly kamerada düşürilen fotosuratlar hem goşulýar.
Bu ýyl bäsleşige 52 ýurtdan 1 086 fotosuratçy tarapyndan jemi 11 929 surat iberildi. RAW faýllarynyň barlagyna we soňky emin agzalarynyň saýlawyna 2 558 fotosurat we 88 fototaslama geçdi.

«Ýylyň fotosuratçysy»/ © Lukas Furlan

«Ýylyň fotosuratçysy»/ © Lukas Furlan

«Ýylyň fotosuratçysy»/ © Lukas Furlan
Lukaş Furlanyň ýeňiji bolan fototoplumy dürli temalary we surata düşüriş usullaryny öz içine alýar. Olaryň arasynda buz bölekleriniň makrosuratlaryndan başlap, giň dag gerişleriniň panoramalaryna çenli dürli işler bar.

«Ýylyň fotosuraty»/ © Abraham Saikley
Abraham Saýkli bu baýraga diş-diş dag gerişleriniň täsirli fotosuraty bilen mynasyp boldy.
Aýry-aýry ugurlaryň ýeňijileri:

«Uly peýzaž» / © Xavier Lequarré

«Syrly peýzaž» / © Hiroyuki Tsuchiya

«Platina / palladiý» / © Julian Baird

«Abstrakt peýzaž» / © Vincenzo Mazza

«Köp gezeklik ekspozisiýa we ICM» / © Julian Lozinski

«Gije» / © Shane Turgeon

«Daglar» / © Benjamin Maze

«Kömelekler we lişaýnikler» / © Jason Pettit

«Suw peýzažlary» / © Annette Cuthbertson

«Doňan dünýäler» / © Tom Putt
Jemi 170 fotosurat bäsleşigiň deslapky tapgyryna çykdy. Guramaçylar emin agzalary tarapyndan aýratyn bellenen beýleki işleri, şeýle hem «Ýylyň fotosuratçysy» ugrunda dördünji, bäşinji we altynjy orunlary eýelän fotosuratlary hem köpçülige hödürledi.
Bäsleşikde baýrak alan we aýratyn bellenen ähli işleri Natural Landscape Photography Awards-yň netijeler galereýasyndan görüp bolýar.