Medeniýet we jemgyýet

Apple “F1” filminiň üstünliginden soň hakyky ýaryşlary ýaýlyma bermäge hukuk almak isleýär
10.07.2025 20:43
2.5k+

Apple “F1” filminiň üstünliginden soň hakyky ýaryşlary ýaýlyma bermäge hukuk almak isleýär

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermäge hukuk satyn almak barada onuň häzirki eýesi ESPN bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Financial Times ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple-iň islegi Bred Pittiň gatnaşmagyndaky “F1” filminiň üstünliginden soň güýçlendi
Mattel kompaniýasy 1-nji görnüşli süýjüli diabetli «Barbie» gurjagyny çykardy
10.07.2025 18:45
3.5k+

Mattel kompaniýasy 1-nji görnüşli süýjüli diabetli «Barbie» gurjagyny çykardy

Mattel kompaniýasy taryhda ilkinji gezek 1-nji görnüşli diabetli (süýji kesel) Barbie gurjagyny hödürledi diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Täze gurjak «Breakthrough T1D» atly täjirçilik däl gurama bilen bilelikde taýýarlanyp, ol çagalaryň özleri bilen oýunjaklaryň arasynda bir umumylyk tapyp bilmegi üçin döredilipdir
Windows 11-de öňünden ornaşdyrylan programmalary öçürmek ýeňilleşdirildi
10.07.2025 12:05
1.6k+

Windows 11-de öňünden ornaşdyrylan programmalary öçürmek ýeňilleşdirildi

Insider Preview maksatnamasy arkaly paýlanyp başlanan Windows 11-iň 25H2 wersiýasynda, öňünden ornaşdyrylan programmalary ýeňil öçürmäge mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu täzelik ulgamyň resmi täzelenmesi çykarylansoň, diňe Pro wersiýasyny ulanýanlar üçin elýeterli bolar
Samsung flagman kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7-ni hödürledi
10.07.2025 10:55
3k+

Samsung flagman kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7-ni hödürledi

9-njy iýulda geçirilen Samsung Unpacked çäresinde Samsung kompaniýasy çeýe Galaxy Z Fold7 smartfonyny hödürledi. Flagman öňki modelden inçe, ýeňil we kuwwatly boldy. Smartfon güýçli kamera, uly displeý we emeli aň funksiýalary bilen üpjün edildi
Samsung täze eplenýän Galaxy Z Flip7 we Flip7 FE smartfonlaryny hödürledi
10.07.2025 10:53
3.3k+

Samsung täze eplenýän Galaxy Z Flip7 we Flip7 FE smartfonlaryny hödürledi

Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasynda Samsung kompaniýasy täze eplenýän Galaxy Z Flip7 we Galaxy Z Flip7 FE smartfonlaryny hödürledi. Galaxy Z Flip7 flagman modeliniň esasy aýratynlygy ulaldylan daşky displeý boldy – indi onuň diagonaly öňki 3,4 dýuým bilen deňeşdirilende 4,1 dýuým boldy
Twitter-iň döredijisi internetsiz işleýän Bitchat atly messenjeri işe girizdi
09.07.2025 20:12
5.7k+

Twitter-iň döredijisi internetsiz işleýän Bitchat atly messenjeri işe girizdi

Twitter bilen Bluesky-yň esaslandyryjylaryndan biri bolan Jek Dorsi internet baglanyşygy bolmasa-da işleýän merkezleşdirilmedik Bitchat atly täze messenjeriň beta wersiýasyny hödürledi. Goşundy hatlary enjamlaryň arasynda geçirmek üçin Bluetooth Mesh tehnologiýasyndan peýdalanýar
Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.07.2025 19:57
6.2k+

Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň emin agzalary ýaryşda ýeňiş gazanan fotosuratlaryň adyny mälim etdiler. Bäsleşige gatnaşan suratlar tebigatyň gözelligini we dartgynly pursatlaryny özünde jemleýär. Her bir surat haýwanat dünýäsinden özboluşly wakany beýan edýär, şol sanda jandarlaryň durmuşyndaky şatlykly, kynçylykly, dartgynly ýa-da howsalaly ýagdaýlary açyp görkezýär
“Alaňyň” üçünji bölümi düşürilip başlandy. Filmiň resmi ady yglan edildi
09.07.2025 19:53
5.2k+

“Alaňyň” üçünji bölümi düşürilip başlandy. Filmiň resmi ady yglan edildi

Legendary studiýasy “Alaňyň” üçünji bölüminiň düşürilip başlanandygyny habar berdi. Deni Wilnýowyň ylmy-fantastiki wakasynyň üçünji filmi “Alaň: Üçünji bölüm” (Dune: Part Three) adyny aldy. Taslama bu at bilen kino auditoriýasy barada maglumatlary ýygnamak we seljermek bilen meşgullanýan Rentrak analitiki kompaniýasynyň bazasynda peýda boldy
“Garfild kinoda” multfilminiň dowamy çykar
09.07.2025 19:37
2.1k+

“Garfild kinoda” multfilminiň dowamy çykar

Sony Pictures we Alcon Entertainment kompaniýalary “Garfild kinoda” multfilminiň dowamyny taýýarlamak işleriniň başlanandygyny habar berdi. Gürleýän pişige ýene-de Kris Pratt ses berer. Multfilmiň dowamyny düşürmek işleri birinji bölüm çykandan bir ýyldan gowrak wagt soň tassyklandy
Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi
09.07.2025 14:16
3.9k+

Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi

Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar
ABŞ-da göz şekilli penjireleri bolan üýtgeşik myhmanhana guruldy
09.07.2025 13:12
11k+

ABŞ-da göz şekilli penjireleri bolan üýtgeşik myhmanhana guruldy

Denwer amerikan şäheriniň merkezinde fasady ýüzlerçe “göz” şekilinde ýerine ýetirilen üýtgeşik Populus myhmanhanasy açyldy. Binagärlik taslamasy Studio Gan studiýasy tarapyndan durmuşa geçirildi we diňe bir täsin dizaýny bilen däl, eýsem gurluşyga ekologik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar diýip, ArchDaily ýazýar
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filmi 15-nji iýulda Internetde çykar
09.07.2025 12:26
2.7k+

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filmi 15-nji iýulda Internetde çykar

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filminiň remeýkiniň sanly görnüşi 15-nji iýulda Internetde çykar diýip, When to Stream neşiri ýazýar. Onlaýn görnüşdäki premýerasy film kinoteatrlarda görkezilenden bir aý soň bolar
Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy
09.07.2025 11:47
2.1k+

Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy

2025-nji ýylyň iýulynda Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan öňe geçip, stolüsti kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgam boldy. StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 11 häzirki dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, Windows 10-yň paýy bolsa 44,59%-e çenli azaldy
Billi Aýliş 400 müň futbolkany gaýtadan işlemäge iberer
09.07.2025 10:38
6.8k+

Billi Aýliş 400 müň futbolkany gaýtadan işlemäge iberer

Billi Aýlişiň öňki konsert syýahatlaryndan 400 müň töweregi ulanylmadyk futbolka 280 müň sany täze önüm döretmek üçin gaýtadan işlener. Bu barada Fast Company habar berýär. Taslama artistler bilen bagly egin-eşikleriň we ýadygärlik sowgatlarynyň satuwyna jogap berýän Universal Music Group kompaniýasynyň Bravado bölümçesi tarapyndan durmuşa geçiriler
Apple iPhone-yň çäge, duzly suw we asfalt synaglaryna nähili çydaýandygyny görkezdi
09.07.2025 10:34
5.2k+

Apple iPhone-yň çäge, duzly suw we asfalt synaglaryna nähili çydaýandygyny görkezdi

Apple kompaniýasy iPhone-y adatdan daşary ulanyş şertlerinde nähili synagdan geçirýändigini görkezdi. Kompaniýanyň synag barlaghanalarynyň birine WWDC 2025 konferensiýasyna käbir gatnaşyjylar, şol sanda Counterpoint portalynyň analitikleri çagyryldy
Galaxy Watch 8 sagatlary Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji sagatlar bolar
09.07.2025 09:54
2.8k+

Galaxy Watch 8 sagatlary Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji sagatlar bolar

Samsung-yň Galaxy Watch 8 akylly sagatlary Google-yň Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji Wear OS dolandyryşly enjamlar bolar. Bu barada Android Headlines neşiri internetde peýda bolan degişli mahabat suratlaryna salgylanyp habar berýär
Stradiwariniň Ikinji jahan urşy döwründe ýiten skripkasy 80 ýyldan soň Tokioda tapyldy
08.07.2025 20:09
6.2k+

Stradiwariniň Ikinji jahan urşy döwründe ýiten skripkasy 80 ýyldan soň Tokioda tapyldy

Ýaponiýada Antonio Stradiwariniň 1709-njy ýyldaky “Mendelssohn” skripkasy tapyldy. Ol Ikinji jahan urşunyň ahyryndan bäri ýiten diýlip hasaplanypdy. Saz guraly Tokioda 2018-nji ýylyň sergisiniň köne suratlarynda tapyldy diýip, The New York Times ýazýar
Skarlett Ýohansson taryhda iň köp girdeji getirýän aktýor boldy. Onuň düşen filmleri $14,8 mlrd gazandy
08.07.2025 20:07
9.6k+

Skarlett Ýohansson taryhda iň köp girdeji getirýän aktýor boldy. Onuň düşen filmleri $14,8 mlrd gazandy

Skarlett Ýohanssonyň gatnaşmagyndaky düşürilen filmler döredijilere taryhda islendik beýleki aktýor we aktrisa bilen deňeşdirilende, has köp girdeji getirdi diýip, The Wrap habar berýär. Ol “iň girdejili” statusyny “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň üstünligi netijesinde aldy
ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär
08.07.2025 17:40
3.8k+

ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektron gurluşlaryň sarp ediji aýratynlyklaryny, şol sanda akkumulýatoryň çydamlylygyny bellik arkaly görkezmegi göz öňünde tutýan täze düzgünler hereket edip başlady. Akkumulýatoryň ömrüni kesgitlemek üçin zarýad sikliniň – batareýanyň doly zarýadsyzlanmagynyň we ýene zarýad almagynyň sany ölçenýär
Metacritic 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň gowy 20 serialyny saýlady
08.07.2025 17:28
3.2k+

Metacritic 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň gowy 20 serialyny saýlady

Metacritic portaly 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykan we iň ýokary bahalary alan seriallaryň 20-ligini hödürledi. Sanawa hünärmen tankytçylardan azyndan ýedi syn alan taslamalar girdi. Reýtingde Netflix-iň alty taslamasy bar
Apple Music 10 ýylyň içinde iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çykardy
08.07.2025 10:48
4k+

Apple Music 10 ýylyň içinde iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çykardy

Apple Music akym hyzmatynyň 10 ýyllygy mynasybetli platformada iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çap etdi. Ed Şiranyň “Shape of You”aýdymy sanawda birinji ýeri eýeledi. 2017-nji ýylda çykan bu aýdym platformanyň taryhynda iň meşhury boldy
Şu ýyl Ýerde iň gysga günler tomusda bolar
07.07.2025 18:06
13k+

Şu ýyl Ýerde iň gysga günler tomusda bolar

Ýeriň aýlanmagynyň we hasaplama ulgamlarynyň halkara gullugynyň (IERS) işgärleri planetanyň adatdakysyndan çalt aýlanyp başlajak senesini hasaplady. Hasaplamalara görä, günleriň dowamlylygy 9-njy we 22-nji iýulda, şeýle-de 5-nji awgustda gysgalar
Täjigistanda eýesiniň ady ýazylan I-III asyrlaryň küýzesi tapyldy
07.07.2025 13:35
7k+

Täjigistanda eýesiniň ady ýazylan I-III asyrlaryň küýzesi tapyldy

Arheologlar Täjigistanda Kuşan imperiýasy döwründe ýaşan bir aýalyň adyny saklaýan baktriýa dilindäki ýazgy bilen keramiki gaby tapdy. Tapyndy Sarband obasynyň golaýyndaky gadymy Halkajar şäherçesinde ýüze çykaryldy diýip, The Times of Central Asia-a salgylanyp, Archaeology Magazine habar berýär
Xiaomi "Smart Audio Glasses" akylly äýnek-gulaklyklarynyň global satuwyna başlady
07.07.2025 11:34
2.9k+

Xiaomi "Smart Audio Glasses" akylly äýnek-gulaklyklarynyň global satuwyna başlady

Xiaomi dünýä bazarynda Günden goraýan äýnekleriň we açyk görnüşli Bluetooth-gulaklyklaryň funksiýalaryny birleşdirýän Smart Audio Glass-y satyp başlady diýip, Gizmochina habar berýär. Model ýaňy basyş we ses zolagyny emele getiriş algoritmli SLS0820 ultrases dinamikleri bilen enjamlaşdyrylandyr, bu sesiň daşyna çykmazlygyny üpjün edýär
Senegalda repçi Eýkonyň futuristik şäher taslamasy ýatyryldy
07.07.2025 11:08
14k+

Senegalda repçi Eýkonyň futuristik şäher taslamasy ýatyryldy

Senegalda Akon City futuristik şäheriň gurluşygy resmi taýdan ýatyryldy.  Munuň sebäbiniň maliýe ýetmezçiligi we gurluşyk işleriniň togtadylmagy bilen baglanyşyklydygyny ýerli wezipeli adamlaryň sözlerine salgylanýan Bi-bi-si habar berýär
Parižde 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Senada suwa düşmäge rugsat berdiler
07.07.2025 10:59
8k+

Parižde 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Senada suwa düşmäge rugsat berdiler

Fransiýanyň paýtagtynda 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Sena derýasynda suwa düşmäge resmi taýdan rugsat berildi. 5-nji iýuldan başlap parižliler we şäheriň myhmanlary üç sany ýörite enjamlaşdyrylan ýerde suwa düşüp bilerler diýip, France 24 habar berýär
+43 gradusa çenli yssy: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.07 - 13.07)
07.07.2025 10:18
12k+

+43 gradusa çenli yssy: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.07 - 13.07)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser
Arheologlar 50-nji ölçegdäki rim aýakgabyny tapdy
06.07.2025 20:16
12k+

Arheologlar 50-nji ölçegdäki rim aýakgabyny tapdy

Arheologlar Britaniýanyň demirgazygyndaky Nortumberlend graflygynda ýerleşýän Magna rim galasyndaky gazuw-agtaryş işlerinden soň özboluşly tapyndy barada habar berdi. Rimliler tarapyndan zibil ýeri hökmünde ulanylan gorag garymynda 32 jübüt deri aýakgaby tapyldy
ABŞ-da gulçylygy ýatyrmak baradaky resminama 13,7 mln dollara satyldy: ony milliarder Kennet Griffin satyn aldy
06.07.2025 15:52
11k+

ABŞ-da gulçylygy ýatyrmak baradaky resminama 13,7 mln dollara satyldy: ony milliarder Kennet Griffin satyn aldy

Milliarder Kennet S. Griffin Sotheby’s auksionynda ABŞ-nyň Konstitusiýasyna girizilen 13-nji düzedişiň Awraam Linkoln tarapyndan gol çekilen golýazmasyny satyn aldy. Gul eýeçiligini ýatyran resminama 12 mln dollara satyldy, auksionyň komissiýalary hem goşulanda, geleşigiň umumy mukdary 13,7 mln dollar boldy
Apple Watch Ultra 3 hemra aragatnaşygy we 5G goldawy bilen çykar
06.07.2025 15:06
1.9k+

Apple Watch Ultra 3 hemra aragatnaşygy we 5G goldawy bilen çykar

Apple kompaniýasy Watch Ultra 3 smart-sagadyny 2025-nji ýylyň güýzünde çykarmaga taýynlyk görýär. Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurmanyň habaryna görä, täze model hemra aragatnaşygyny we 5G torlaryny goldar
iOS 26-da ulanyjy uka giden wagty nauşnikler awtomatik ýagdaýda öçer
06.07.2025 14:52
2.6k+

iOS 26-da ulanyjy uka giden wagty nauşnikler awtomatik ýagdaýda öçer

iOS 26 operasion ulgamynda eger-de ulanyjy aýdym ýa-da islendik bir mazmun diňleýän wagty uklap galsa, AirPods we Beats nauşniklerini awtomatiki usulda öçürýän funksiýa peýda bolar. Bu mümkinçilik ýatmazdan öň aýdym, audiokitap ýa-da podkast diňleýänler üçin peýdalydyr
Opera brauzeri 40 dilden üznüksiz terjimä we beýleki gowulaşmalara eýe boldy
06.07.2025 14:47
1.4k+

Opera brauzeri 40 dilden üznüksiz terjimä we beýleki gowulaşmalara eýe boldy

Opera web brauzeriniň iň soňky - 120 wersiýasy çykdy we beta synag tapgyryny tamamlady. Täze wersiýa Chromium kodunyň 135 wersiýasyna esaslanýar. Esasy täzelik, rus dilini goşmak bilen, 40-dan gowrak dili goldaýan içerki terjime funksiýasydyr
Nýu-Ýorkda drona garşy täze Iron Drone Raider tehnologiýasy döredildi
05.07.2025 18:56
8k+

Nýu-Ýorkda drona garşy täze Iron Drone Raider tehnologiýasy döredildi

Nýu-Ýorkuň şäher polisiýa bölümi American Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Iron Drone Raider atly täze drona garşy ulgamy ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Ulgam howplary kesgitlemek üçin gijeki görüş kameralary we emeli aň algoritmleri bilen enjamlaşdyrylan awtonom tutujy-dronlary ulanýar diýip, Interesting Engineering habar berýär
Gün ulgamynda täze ýyldyzara obýekt peýda boldy – bu gözegçiligiň taryhynda üçünji
05.07.2025 18:48
5.1k+

Gün ulgamynda täze ýyldyzara obýekt peýda boldy – bu gözegçiligiň taryhynda üçünji

Astronomlar Gün ulgamyndan uçup geçýän “ýyldyzara obýekt” bolup çykan täze kometanyň üstüni açdy. Bu gözegçiligiň taryhynda şular ýaly üçünji asman jisimi boldy diýip, Ars Technica ýazýar. 3I/ATLAS (A11pl3Z) adyny alan kometa, takmynan, dört aýdan Güne golaý geler, şondan soň Gün ulgamyny hemişelik terk eder
“Lilo we Stiç” “Minecraft-dan” öňe geçip, ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy
05.07.2025 18:46
3.3k+

“Lilo we Stiç” “Minecraft-dan” öňe geçip, ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy

“Lilo we Stiç” remeýki bütin dünýäde 957,6 mln dollar ýygnap, 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan golliwud filmi boldy. Ol “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi diýip, Deadline habar berýär. Film eýýäm altynjy hepde prokatda bolup, 1 mlrd dollar görkezijisine golaýlaýar
82-nji Wenesiýa kinofestiwaly Paolo Sorrentinonyň filmi bilen açylar
05.07.2025 18:39
1.9k+

82-nji Wenesiýa kinofestiwaly Paolo Sorrentinonyň filmi bilen açylar

Italiýaly režissýor Paolo Sorrentinonyň “Merhemet” (Благодать/La Grazia) dramasy 82-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalyny açar. Film esasy bäsleşige goşuldy diýlip, kinofestiwalyň saýtynda habar berilýär. Filmiň sýužeti Italiýada ýaýbaňlanýar we söýgi hekaýatyna bagyşlanýar
Aýdymçy Bob Dilan öz çeken suratlary bilen kitap çykarar
05.07.2025 18:38
3.6k+

Aýdymçy Bob Dilan öz çeken suratlary bilen kitap çykarar

18-nji noýabrda Simon & Schuster neşirýaty amerikaly sazanda, şahyr we ýazyjy Bob Dilanyň Point Blank (Quick Studies) ady bilen kitap-albomyny çykarar. Kommersant neşiriniň habar bermegine görä, neşire sazanda tarapyndan 2021-2022-nji ýyllarda döredilen 100-e golaý gara-ak suratlar girer
Iň uly Mars meteoriti 4 mln dollara satylar
05.07.2025 18:35
5.1k+

Iň uly Mars meteoriti 4 mln dollara satylar

Mälim bolan Mars meteoritlerinden iň ulusy – NWA 16788 2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Sotheby’s auksionyna çykarylar. Onuň çen-takmyn bahasy 4 mln dollara barabar diýip, CNN habar berýär. Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, meteoritiň agramy 25,4 kg bolup, bu ony Ýerde tapylan, takmynan, 400 Mars böleginiň arasynda iň ulusy edýär
Türkmenistanyň muzeýleri wirtual syýahat ulgamyny ornaşdyrýar we Rimde arheologik sergä taýýarlyk görýär
05.07.2025 18:15
2.4k+

Türkmenistanyň muzeýleri wirtual syýahat ulgamyny ornaşdyrýar we Rimde arheologik sergä taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B
“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” filminiň global premýerasy boldy
05.07.2025 17:59
3k+

“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” filminiň global premýerasy boldy

4-nji iýulda “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň global premýerasy boldy. Ol dinozawrlaryň janlanmagy baradaky meşhur seriýanyň täze bölümidir. ABŞ-da film 2-nji iýulda çykdy, häzir bolsa dünýädäki kinoteatrlarda elýeterli
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.