Skarlett Ýohansson taryhda iň köp girdeji getirýän aktýor boldy. Onuň düşen filmleri $14,8 mlrd gazandy

08.07.2025, 20:079,685

Skarlett Ýohanssonyň gatnaşmagyndaky düşürilen filmler döredijilere taryhda islendik beýleki aktýor we aktrisa bilen deňeşdirilende, has köp girdeji getirdi diýip, The Wrap habar berýär.

Ol “iň girdejili” statusyny “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň üstünligi netijesinde aldy. Bu film prokatyň ilkinji alty gününde 318 mln dollar gazandy. 2025-nji ýylyň relizleriniň arasynda film diňe “Neçža 2” hytaý animasion filminden yza galdy.
The Numbers-iň maglumatlaryna görä, Ýohanssonyň gatnaşmagyndaky filmleriň umumy kassa ýygymy 14,8 mlrd dollara ýetdi. Olardan 8,7 mlrd dollardan gowragyny dört film üpjün etdi: “Ar alyjylar” filmleri we “Kapitan Amerika: Raýatlyk urşy”. Bu filmlerde aktrisa Nataşa Romanowanyň (Gara dul) keşbini ýerine ýetirdi.
The Numbers-iň wersiýasy boýunça, iň girdejili bäş aktýoryň sanawynda diňe Tom Henks Marvel taslamalaryna gatnaşmady. Şeýle-de, reýtingde Robert Dauni-kiçi, Semýuel L. Jekson we Kris Prett bar – bularyň ählisi super gahrymanlyk franşizasy bilen baglanyşykly. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.