Ispan aktýory Hawýer Bardem kino sungatyna goşan goşandy üçin Rim kinofestiwalynda ýörite baýrak bilen sylaglanar. Baýragy oňa režissýor Paolo Sorrentino gowşurar diýip, Variety neşiri habar berýär.
Festiwal 13–25-nji oktýabr aralygynda geçiriler.
Çäräniň dowamynda Bardemiň baş keşbi janlandyran ispan režissýory Rodrigo Sorogoýeniň «Söýgüli» filmi hem görkeziler. Bu film mundan ozal Kann kinofestiwalynda «Festiwallaryň iň gowulary» bölüminde bäsleşipdi.
Bardem «Söýgüli» filminde meşhur režissýor Esteban Martinesiň keşbini janlandyrýar, ol kyn geçmişi bolan adam. Köp ýyllardan soň gahryman aktrisalyga ýaňy girişen gyzy bilen bilelikde film düşürmek üçin täzeden duşuşýar. Ataly gyz geçmişde başdan geçiren kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolmaga mejbur bolýar.
Sentýabr aýynda Bardem Florian Zelleriň «Bunker» filmi bilen Wenesiýa kinofestiwalyna hem gatnaşypdy. Ol aýaly Penelopa Kruz bilen milliarderiň bunkeriniň gurluşygy wagtynda on ýedi ýyllyk nikasy dargap başlan jübütleriň keşbini janlandyrdy.
Şeýle hem aktýor ýakyn wagtda Denis Wilnýowyň «Alaň: Üçünji bölüm» filminde Stilgaryň keşbine täzeden dolanyp geler.