Watikan «Oskar» baýragyna dalaş etmek üçin ilkinji gezek film hödürlär

Şu gün, 18:05311
1 / 2

Watikan «Oskar» baýragynyň 97 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek baýrak ugrundaky bäsleşige gatnaşmak üçin film hödürlär. Baýraga «Green Lava» («Ýaşyl lawa») atly gysga metražly dokumental film hödürlener.

Bu film Dýuşen myşsa distrofiýasy keselinden ejir çekýän ýaş italiýaly Jakomo Mattiwiniň durmuş hekaýaty barada gürrüň berýär. 39 minutlyk filmiň premýerasy şu hepdede Los-Anjelesde geçiriler. Filmiň režissýorlary hökmünde Lia Beltrami we Ali Aksu çykyş etdi.

«Green Lava» filmi 18-nji sentýabrdan 24-nji sentýabr aralygynda Bewerli-Hillzdäki Lumiere Music Hall kinoteatrynda görkeziler. Şondan soň filmi düşüriji topar ony «Iň gowy gysga metražly dokumental film» kategoriýasynda «Oskar» baýragyna hödürlemek üçin resminamalary taýýarlar. Bu Watikan tarapyndan düşürilen ilkinji iş bolar.

«Jakomonyň hekaýaty her bir adamyň bilmegine mynasypdyr, şol sebäpli hem biz "Green Lava" filmini "Oskar" baýragynyň dalaşgärleriniň sanawyna girizmek mümkinçiliginiň bardygyna şat» diýip, Watikanyň jemgyýetçilik we aragatnaşyklar boýunça dikasteriýasynyň ýolbaşçysy Paolo Ruffini belleýär.

Şol bir wagtyň özünde film aýratyn dalaşgär hökmünde döwletiň adyndan çykyş etmez. Gysga metražly filmler üçin resmi arza ibermek, şeýle-de ýurduň hökümetiniň ýa-da milli komitetiniň ykrarnamasy talap edilmeýär.