Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýänleri ätiýaçlyga goýbermek we raýatlaryň nobatdaky harby çagyryşyny geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama 17-nji sentýabrda resmi metbugatda çap edildi.
Permana laýyklykda, 2026-njy ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen gulluk möhletini tamamlan harby gullukçylar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan boşadylar.
Şol döwürde harby gullukdan boşadylmaga ýa-da çagyryşy yza süýşürmäge hukugy bolmadyk, çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, şeýle hem ýaşy 27-ä ýetmedik, çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren erkek raýatlar nobatdaky harby gulluga çagyrylar.
Permany ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutany degişli Buýruga hem gol çekdi. Oňa laýyklykda, goranmak, içeri işler we milli howpsuzlyk ministrliklerine, Döwlet serhet gullugyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugyna we Döwlet migrasiýa gullugyna bellenen möhletini tamamlan harby gullukçylary meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda gullukdan boşatmak tabşyryldy.
Şeýle hem söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek göz öňünde tutulýar.
Perman çap edilen gününden herekete girýär.