Alahöwren guýrugyndaky ýasama «möý» bilen guşlara duzak gurýar

14.09.2026, 12:318,380
1 / 4

Möýguýruk şahly alahöwren (Pseudocerastes urarachnoides) guşlary özüne çekmek üçin adaty bolmadyk guýrugyndan peýdalanýar. Rentgen-kompýuter tomografiýasy arkaly geçirilen täze gözleg guýrugyň daşky görnüşiniň onuň oňurgalarynyň gurluşyna hiç hili täsir etmeýändigini görkezdi.

Pseudocerastes urarachnoides Ýakyn Gündogarda ýaşaýar. Onuň özboluşly guýrugy aw awlamakda esasy "ýarag" bolup hyzmat edýär. Ýylan hakyky möýe meňzeýän guýrugyny hereket etdirip, guşlaryň ünsüni özüne çekýär.

Bu ýylanlaryň ilkinji belli nusgasy 1968-nji ýylda Çikagodaky Filds tebigy taryh muzeýine getirilipdir. Şol döwürde onuň guýrugyndaky adaty bolmadyk ösüntgini çiş pisint deformasiýa hasaplapdyrlar. Şeýle guýrukly ikinji nusganyň tapylmagy, alymlaryň bu meselä gaýtadan üns bermegine sebäp bolupdyr. 2006-njy ýylda bolsa bu görnüş resmi taýdan yglan edilipdir.

Täze gözlegiň awtorlary Sara Rueýn we Georgios Georgalis kompýuter tomografiýasy arkaly ýylanyň guýrugynyň gurluşyny öwrendiler. Gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylýan ýylanlary öwrenýän Georgalis bu aýratynlyk bilen içgin gyzyklandy. Sebäbi şeýle haýwanlaryň aýry-aýry oňurgalaryny kesgitlemek käwagt kyn bolýar.

«Ýylanyň süňk gurluşynda onuň guýrugynyň daşyndan şeýle üýtgeşik görünmegine getirýän hiç zat ýok» diýip, gözlegiň awtory Georgalis geň galyp gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, ýylanyň guýruk oňurgalary beýleki alahöwrenleriňkiden tapawutlanmaýar.

Alymlar bu işiň muzeý kolleksiýalarynyň ähmiýetini hem görkezýändigini belleýär. Onlarça ýyl ozal ýygnalan nusgalar köp ýyllardan soň haýwanlaryň öň näbelli bolan aýratynlyklaryny açmaga kömek edip biler.