Trampyň çagalygyny geçiren öýi tas 2 million dollara satyldy

Düýn, 21:013,234
1 / 7

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ömrüniň ilkinji dört ýylyny geçiren öýi düýpli abatlaýyş işlerinden soň 1,93 million dollara satyldy. Nýu-Ýorkuň Kuins etrabynda esli wagtlap eýesiz haňlap duran bu jaýyň ýagdaýy geçen ýylam örän ýaramazdy.

Jaýy 1940-njy ýylda geljekki prezidentiň kakasy, gurluşykçy Fred Tramp tarapyndan Jameýka-Esteýts etrabynda Týudor binagärlik äheňinde gurlupdyr. Maşgalasy bu öýden Donald dört ýaşyndaka göçüp gidipdir.

2025-nji ýylda bäş ýatylýan otagly we üç hammamly jaýy gurluşykçy Tommi Lin 835 müň dollara satyn alypdyr. Şol wagt binanyň haly harap eken. Turba ýarylansoň, jaýyň içinde suw syzyp, çyg we heň peýda bolupdyr. Hatda jaýyň içini eýesiz pişikler hem mekan tutunypdyr.

Lin öýi täzeden dikeltmek üçin ýene-de takmynan 500 müň dollar harçlap, sekiz aýyň dowamynda onuň içini doly täzeledipdir. Jaýda döwrebap aşhana, «arça» görnüşinde düşelen pollar we spa äheňinde bezelen hammamlar peýda bolupdyr. Abatlaýyş işleri tamamlanandan soň jaý ilkinji satyn alnan bahasyndan iki esse gymmat, ýagny 1,93 million dollara satyldy.

Bu öý özüniň taryhy bilen öňem uly gyzyklanma döredipdi. 2017-nji ýylda jaý Trump Birth Home LLC atly kompaniýa 2,14 million dollara satylypdy. Soňra bolsa ol Airbnb arkaly kärendesine berlipdir. 2019-njy ýylda ony 2,9 million dollara satmaga synanyşypdyrlar, ýöne alyjy tapylmandyr.

Jaýyň häzirki eýesiniň kimdigi aýan edilmeýär.