Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
07.06.2025 18:55
1.7k+
Iýulda Stiwen Kingiň «Institut» atly romany boýunça düşürilen serial görkeziler
Stiwen Kingiň adybir romany esasynda surata düşürilen «Institut» serialy 13-nji iýulda «MGM+» striming hyzmatynda görkeziler. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Taslama sekiz bölümden ybarat. Serialyň režissýory Jek Bender, ssenarisini bolsa Benjamin Kawell ýazdy
07.06.2025 18:54
4.3k+
Öli deňziň golýazmalary alymlaryň pikir edişinden has gadymy bolup çykdy
Niderlandlardan, Daniýadan, Italiýadan we Belgiýadan alymlar topary emeli aňyň kömegi bilen Öli deňziň gadymy golýazmalarynyň ýaşyny has takyk kesgitlemegi başardy. Netijede, olar öň çak edilenden ep-esli gadymy bolup çykdy
07.06.2025 13:35
8.2k+
Meta Eminemiň irki hitlerini rugsatsyz ulanandygy üçin, 109 mln dollarlyk kazyýet işi bilen ýüzbe-ýüz
Eminemiň (hakyky ady – Marşall Brýus Meters III) irki aýdymlarynyň hukuklaryna eýe bolan «Eight Mile Style» neşirýat kompaniýasy «Meta» kompaniýasyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Facebook, Instagram we WhatsApp-yň enelik kompaniýasy amerikan reperiň aýdymlaryny rugsatsyz ulanmakda aýyplanýar diýip, «TheWrap» habar berýär
07.06.2025 11:37
8.8k+
«Missiýa ýerine ýetirmesizdäki» iň howply hokga TikTok wideosyndan gelip çykypdyr
Kann kinofestiwalynyň dowamynda režissýor Kristofer MakKuorri «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») filmindäki akyl ýetirip bolmajak hokgalaryň (trýuk) biriniň nädip dörändigi barada aýdyp berdi
07.06.2025 11:25
6.9k+
Müsürde ýaşy 3500 ýyl töweregi bolan ozal näbelli üç sany gadymy mazar tapyldy
Müsürde ozal näbelli üç mazar tapyldy. Açyş Patyşalar jülgesiniň golaýynda, Nil derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşen Luksordaky arheologik gazuw-agtaryş işlerinde mahalynda edildi diýip, Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligine salgylanýan Daily Mail habar berýär
06.06.2025 16:07
5.7k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen gutlady. "Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr
06.06.2025 16:00
3.8k+
Apple-iň millionlarça gurluşynda YouTube işlemegini bes etdi
YouTube iOS üçin programmany 20.22.1 wersiýa çenli täzeledi. Indi ony gurnamak üçin iOS 16 ýa-da has täze operasion ulgam gerek diýip, MacRumors habar berýär. Bu täzelenme sebäpli programma 15-nji wersiýadan ýokary iOS-y goldamaýan köne iPhone modellerinde işlemegini bes etdi
06.06.2025 15:57
2.5k+
Adobe kompaniýasy Android üçin täze mugt Photoshop hödürledi
Adobe Android üçin täze Photoshop programmasyny resmi taýdan hödürledi. Önüm ilkinji gezek şu ýylyň fewral aýynda anons edildi. Häzir programma başlangyç beta-synagyň çäklerinde mugt elýeterli boldy. Kompaniýa Photoshop-yň mobil wersiýasynyň üstünde köp wagtlap işledi
06.06.2025 09:27
11k+
Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy bardy
Haj parzyny berjaý etmek üçin daşary ýurtlardan Mekgä gelen zyýaratçylaryň sany 1,5 milliondan geçdi. Bu barada Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň resmi wekili Hassan an-Nuaými habar berdi. “Häzirki günde haj parzyny berjaý edýän 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy patyşalyga beýleki ýurtlardan geldi” – diýip, ol metbugat maslahatynda aýtdy
06.06.2025 09:26
2.6k+
Telegram ses habarlaryny kesmek we HD-de surat ibermek funksiýalary bilen täzelenme aldy
Telegram birnäçe täze funksiýalar bilen uly täzelenme çykardy. Indi ulanyjylar ses habarlaryny redaktirläp, ýagny ýazgy edilenden soň, olary kesip, gerekmejek böleklerini aýryp, ýazgyny pauza goýup bilýär. Bu ähli aýtmaly zady bir dublda ýazmak zerurlygy bolmazdan, uzyn ses habarlaryny döretmegi ýeňilleşdirýär
06.06.2025 09:16
7.2k+
11 ýaşly Kaleb Stýuard dünýäde iň ýaş ruhlandyryjy spiker diýlip ykrar edildi
ABŞ-dan 11 ýaşly Kaleb Stýuard resmi taýdan dünýäde iň ýaş ruhlandyryjy spiker boldy. Ginnesiň rekordlar kitabynda habar berlişi ýaly, ol ynanmak barada özüniň ilkinji sözüni Tallahassidäki ALARM halkara buthanasynda 3 ýyl 307 gün ýaşynda aýtdy
06.06.2025 09:04
2.9k+
Samsung 31-nji iýuldan başlap hereketsiz akkauntlary pozup başlar
Samsung 2025-nji ýylyň 31-nji iýulyndan azyndan 24 aýlap girilmedik hasap ýazgylaryny (akkauntlary) pozup başlar. Bu barada ulanyjylara kompaniýanyň metbugat gullugy ýatlatdy. Samsung-yň akkaunty Galaxy enjamlaryndaky firma programmalaryna girmek üçin gerek
06.06.2025 08:58
1.9k+
Jeýms Kemeron ýyrtyjy elflere garşy göreş hakyndaky “Şeýtanlar” romanyny ekranlaşdyrýar
“Titanik”, “Terminator” we “Awatar” filmleriniň döredijisi Jeýms Kemeron “Şeýtanlar” (“Дьяволы”) atly täze fentezi taslamasynyň edebi esasyny ýazar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi. Film iňlis ýazyjysy Jo Aberkrombiniň adybir romany esasynda dörediler
06.06.2025 08:56
4.5k+
Ýutubçy zibilden kuwwaty 250W bolan el lazerini gurnady. Ol hatda göwheri hem ýakyp bilýär
Styropyro lakamy bilen tanalýan amerikaly ýutubçy we himik Dreýk Entoni kuwwaty 250W bolan elde göterilýän lazer enjamyny gurnady we synagdan geçirdi. Enjam adaty lazeriň görkezijisinden 50 müň esse güýçlüdir. Enjamy döretmek üçin ol eBay ýaly onlaýn platformalaryndan satyn alnan köne bölek şaýlary ulandy
06.06.2025 08:52
4.8k+
1987-nji ýylyň ýoň bolan aýdymy täzeden janlandy. Spotify-da ol 1 milliarddan gowrak gezek diňlenildi
Britaniýaly aýdymçy Rik Estliniň 1987-nji ýylda çykaran «Never Gonna Give You Up» aýdymy täzeden meşhurlyk gazandy we Spotify platformasynda 1 milliarddan gowrak gezek diňlenildi. Aýdym internetde dörän gyzyklanmasy sebäpli, ýene-de meşhur boldy
06.06.2025 08:46
3.1k+
Amerikan attraksionlarynda emeli aň ornaşdyrylýar: tehnologiýalar dynç alşy nähili üýtgedýär?
Amerikan attraksion seýilgählerinde nobatlaryň azaldylmagy we myhmanlaryň wagtyny has ýakymly geçirmekleri üçin emeli aň tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. «Business Insider» neşiriniň maglumatlaryna görä, «Legoland», «SeaWorld» we «Disney» ýaly iri senagat ägirtleri eýýämden «Vision AI-dan» başlap, emosiýaly robotlara çenli onlarça çözgütleri ulanyp başladylar
06.06.2025 08:43
2.4k+
Kosta-Rikanyň we Panamanyň daglarynda orhideýanyň seýrek usul bilen köpelýän üç sany täze görnüşi tapyldy
Kosta-Rikanyň we günbatar Panamanyň daglarynda orhideýanyň üç sany täze görnüşi tapyldy. Olar Talamanka gerşiniň sowuk we çygly ýerlerinde deňiz derejesinden 1400-2550 metre çenli beýiklikde ösýär diýip, Phys.org ýazýar
06.06.2025 08:36
1.4k+
«Elden Ring Nightreign» ekşen-oýny 4 günde 3,5 million nusgada satyldy
«FromSoftware» studiýasy tarapyndan işlenip düzülen «Elden Ring Nightreign» kooperatiw ekşen-oýny 4 günde 3,5 million nusgada satyldy. Bu barada oýnuň işläp düzüjileri habar berdi. Bu san diňe sanly görnüşdäki satuwlary däl, eýsem fiziki göterijileriň üpjünçiligini hem öz içine alýar
05.06.2025 16:05
4.6k+
Killian Mýorfi “28 ýyl soň” trilogiýasynyň ähli filmlerinde peýda bolar
Irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi täze “28 ýyl soň” (28 лет спустя) trilogiýasynyň ähli bölümlerine gatnaşar. Bu barada režissýor Denni Boýla salgylanyp, ING habar berýär. Boýl ssenariçi Aleks Garlend bilen bilelikde howply wirus baradaky filmiň dowamy üçin köpden bäri pikiriniň bardygyny aýtdy
05.06.2025 15:57
3.7k+
Samsung kompaniýasy Galaxy S26-y üçin esasy AI kömekçi hökmünde Perplexity-ni saýlady
Apple ChatGPT-ni enjamlaryna birleşdirjekdigini yglan edeninden soň, bäsdeşler özleriniň AI strategiýalaryna täzeden garap başladylar. Samsung Kremniý jülgesiniň başlangyjy bolan Perplexity bilen hyzmatdaşlyga girmek bilen, mundan ilkinjileriň biri bolup täsirlendi
05.06.2025 15:52
10k+
Ledi Gaganyň Braziliýadaky konserti resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Ledi Gaganyň 3-nji maýda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäheriniň Kopakabana kenaryndaky mugt konserti resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynda zenan sazandalaryň arasynda iň köp tomaşaçy ýygnan ýekelikdäki çykyş hökmünde ykrar edildi
05.06.2025 12:03
8.7k+
Awazada halkara tans we folklor festiwaly açyldy
4-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan
05.06.2025 10:22
2.5k+
“Ýetginjeklik döwri” mini-serialy Gotham TV Awards-yň baş baýragyny aldy
Netflix-iň “Ýetginjeklik döwri” (Adolescence / Переходный возраст) mini-serialy Gotham TV Awards dabarasynda üç baýraga mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Nýu-Ýorkda geçirildi diýip, Variety habar berýär
05.06.2025 10:17
9.4k+
Bill Geýts baýlygynyň esli bölegini Afrika kömek üçin bagyş eder
Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts öz baýlygynyň ep-esli bölegini Afrikadaky meseleleri çözmäge gönükdirjekdigini habar berdi. Bu barada Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň habarynda aýdylýar. Forbes neşiri milliarderiň baýlygyny 116,5 mlrd dollar diýip hasaplaýar
05.06.2025 10:03
2k+
Samsung ultra-inçe kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7 Ultra-nyň relizine taýýarlanýar
Samsung eplenýän smartfonlaryň hatarynda Galaxy Z Fold 7 Ultra adyny alyp biljek “kitapça” görnüşli täze modeliň peýda bolup biljekdigine yşarat etdi. Ozal bu hatarda kompaniýa diňe adaty wersiýalary çykarypdy
05.06.2025 09:35
4.1k+
Collider soňky 30 ýylyň iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmlerini saýlady
Collider amerikan neşiri soňky 30 ýylda çykan iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmleriň sanawyny hödürledi. Iň ýaramaz horror “Winni-Puh: Gan we bal” (Винни-Пух: Кровь и мед) filmi boldy. Collider ony “arassa ýaltalyk we içgysgynçlyk” hökmünde häsiýetlendirip, “Bu göz öňüne getirip boljak iň bir ýürekgysgynç we bir görnüşli horror-tejribeleriniň biri” diýip belledi
04.06.2025 15:50
2k+
The Weeknd we Nespresso bilelikde kofe kolleksiýasyny çykardy
Aýdymçy The Weeknd (hakyky ady – Eýbel Makkonen Tesfaýe) «Nespresso» kofe brendi bilen hyzmatdaşlyga başlady. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde olar çäkli sanda kofe garyndylaryny, syýahat üçin kružkalary we ýörite bulgurlary çykardylar diýip, «Hypebeast» neşiri habar berýär
04.06.2025 15:36
2.4k+
«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» filmi iýunyň ortalarynda sanly görnüşde çykar
«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» («Final Destination Bloodlines») horror filmi 17-nji iýunda sanly görnüşde elýeterli bolar diýip, «WhenToStream» portaly habar berýär. «Warner Bros.» studiýasynyň filmi ilkinji gezek maý aýynyň ortalarynda dünýä boýunça prokata çykdy we 50 million dollarlyk býujeti bilen 229 million dollar gazandy
04.06.2025 15:21
1.6k+
Barlaglar döredijilik sapaklarynyň çagalaryň sözleýiş ukybyny gowulandyrýandygyny görkezdi
Russiýanyň Witus Bering adyndaky Kamçatka döwlet uniwersitetiniň barlagçylary döredijilik taslamalarynyň sözleýişinde bozulmalary bolan mekdebe çenli ýaşly çagalaryň bu ukybyny gowulandyrmaga kömek edýändigini subut etdiler
04.06.2025 11:05
2.7k+
Counter-Strike 2-de maý aýyndaky täzelenmeden soň ýalňyşlyklar we näsazlyklar ýygjamlaşdy
Dünýäniň dürli künjeklerinden Counter-Strike 2-niň oýunçylary tehniki näsazlyklaryň artandygyny habar berýärler. Bu näsazlyklar oýna düýpli täsir etmeýän hem bolsa, olaryň aglabasy häzire çenli düzedilmän galýar
03.06.2025 21:17
9.4k+
Galaxy S25 Edge ultra-inçe korpusyna garamazdan, çydamlylyk synagyndan geçdi
Ultra-inçe Galaxy S25 Edge tehnobloger Zak Nelsonyň (JerryRigEverything) çydamlylyk synagyndan üstünlikli geçdi. Korpusynyň ýogynlygynyň bary-ýogy 5,8 mm we agramynyň 163 g bolmagyna garamazdan, smartfon berk bolup çykdy
03.06.2025 21:02
11k+
Argentinadaky gazuw-agtaryş işlerinde «garynja adamyň» galyndylary tapyldy
Argentinanyň Katamarka prowinsiýasynyň San-Fernando şäherinde gurluşyk işleri alnyp barylýan wagty, işçiler içinde adam galyndylary bolan iki sany jaýlama urnasyny tapdylar. Olaryň birinde şekili örän uzyn bolan kelleçanak hem bardy
03.06.2025 21:00
4.4k+
Siriýada 4500 ýyllyk gadymy çaga oýnawaçlary tapyldy
Daniýanyň Milli muzeýinden arheologlar 1930-njy ýyllarda Siriýanyň Hama şäherinden tapylan käbir keramika bölekleriniň, aslynda, çagalaryň şaňňyrdy oýnawaçlary bolandygyny ýüze çykardy. 4500 ýyl ozal bäbekler bu şakyrdawuklar bilen oýnapdyr
03.06.2025 20:54
4.5k+
Hindi başlangyjy iti “bagt boýunça işgär” hökmünde işe aldy
Haýdarabatda ýerleşýän Harvesting Robotics başlangyjy altynsow retriwer itini “bagt işgäri” hökmünde hakyna tutdy. Bu barada The Indian Express habar berýär. Kompaniýa Denwer atly itiň toparda dostlukly we oňyn atmosfera döretmäge kömek etjekdigini aýtdy
03.06.2025 17:10
4k+
Hanym Týusso muzeýinde Şekspiriň ýanynda büzmeçli hamyr peýda boldy
Londonyň Hanym Týusso muzeýinde büzmeçli hamyryň heýkeli peýda boldy. Bu barada muzeýiň resmi saýtynda habar berilýär. Bu adaty bolmadyk eksponat 5-nji iýunda Beýik Britaniýada bellenilýän Milli büzmeç gününe bagyşlandy
03.06.2025 17:08
3.2k+
Ben Afflek bilen Mett Deýmonyň onunjy bilelikdäki filmi 2026-njy ýylda çykar
Netflix akym hyzmaty Ben Afflek bilen Mett Deýmonyň gatnaşmagynda “RIP” jenaýat trilleriniň çykjak senesini yglan etdi. Onuň premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda bolar diýip, Deadline habar berýär. Filmiň sýužeti ogry-jümrüleriň mesgeninde millionlarça dollar tapýan Maýamiden polisiýa işgärleriniň topary barada gürrüň berýär
03.06.2025 17:00
5.9k+
Gwatemalada ýaşy tas 3 müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheriniň harabalygy tapyldy
Arheologlar Gwatemalada ýaşy tas üç müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheri Los-Abuelosyň harabalygyny tapdy. Bu barada ýurduň Medeniýet ministrligine salgylanyp, The Guardian habar berýär. Şäher ýurduň demirgazygyndaky El-Peten departamentinde, meşhur binagärlik toplumy Uahaktundan 21 km uzaklykda ýerleşýär
03.06.2025 13:46
2.3k+
Ýetip gelýän Apple WWDC 2025 konferensiýasynda uly tanyşdyryşlar bolmaz
Apple kompaniýasynyň «WWDC 2025» işläp düzüjiler konferensiýasy 9-13-nji iýun aralygynda ýönekeý formatda, uly anonslar bolmazdan geçiriler. Bu barada «Bloomberg» agentliginiň žurnalisti Mark Gurman ýazýar. Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa «Apple Intelligence» we emeli aň tehnologiýalaryna aýratyn üns bermez
03.06.2025 13:29
9.4k+
Ýaponiýada iş ýerlerindäki yssy howa şertleri sebäpli, kompaniýalara jerime salnar
Ýaponiýada 1-nji iýundan başlap, iş berijileri aşa yssy howa şertlerinde işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçly edýän täze düzgünler güýje girdi. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär. Täze düzgünlere görä, talaplary ýerine ýetirmeýän kompaniýalara 500 müň ýena (takmynan, 3475 dollara) çenli jerime salnar
02.06.2025 17:48
4.2k+
Mask Telegram-yň bäsdeşini – XChat messenjerini hödürledi
Ilon Mask täze nesil XChat messenjeriniň işe girizilendigini habar berdi. Programma Telegram we WhatsApp ýaly meşhur platformalaryň ornuny tutup biljek messenjer hökmünde görkezilýär. Täze messenjeriň beta-wersiýasy eýýäm tölegli ýazylyşyk bilen X sosial ulgamynyň käbir ulanyjylary üçin elýeterli boldy
«
1
…
80
81
82
…
276
»
«
1
…
77
78
79
80
81
82
83
84
85
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.