Apple-iň millionlarça gurluşynda YouTube işlemegini bes etdi

06.06.2025, 16:003,895

YouTube iOS üçin programmany 20.22.1 wersiýa çenli täzeledi. Indi ony gurnamak üçin iOS 16 ýa-da has täze operasion ulgam gerek diýip, MacRumors habar berýär.

Bu täzelenme sebäpli programma 15-nji wersiýadan ýokary iOS-y goldamaýan köne iPhone modellerinde işlemegini bes etdi. Olaryň hataryna iPhone 6s, iPhone 6s Plus, iPhone 7, iPhone 7 Plus we birinji nesil iPhone SE girýär.
Şeýle-de, täze YouTube programmasy iPod touch 7 mediapleýerinde elýeterli däl.
Şeýle üýtgeşmeler iPad ulanyjylaryna hem täsir etdi. Täzelenen programmany gurnamak üçin indi iPadOS 16 ýa-da has täze wersiýa gerek. Şeýlelikde, programma indi iPad Air 2-de we iPad mini 4-de işlemeýär.
Sanalyp geçilen modelleri ulanyjylar m.youtube.com saýtyny açyp, brauzer arkaly wideohostingi ulanyp biler. Ýöne web-wersiýanyň mümkinçilikleri resmi programmanyňkydan pesdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.