MrBeast ýazyjy boldy: bloger ölüm howply ýaryşlar barada roman çykardy

Düýn, 16:162,524
1 / 2

Dünýäde iň meşhur bloger Jimmi «MrBeast» Donaldson ilkinji romanyny — «Iň howply oýunlar» («The most dangerous Games») atly kitabyny çykardy. Ol eseri tanymal amerikan ýazyjysy Jeýms Patterson bilen bilelikde ýazdy. Üstesine-de, romandaky gahrymanlaryň arasynda Jimminiň özi hem bar.

Roman 100 adamyň gatnaşýan howply bäsleşigi barada gürrüň berýär. Gatnaşyjylar akuladan doly suwda ýüzmekden başlap, beýik daglardan aşmaga çenli dürli kynçylykly synaglara sezewar edilýär.

Baş baýrak hökmünde 1 milliard dollar goýulsa-da, oýunda diňe pul däl, eýsem, adamzadyň geljegi hem howp astynda galýar.

MrBeast kitapda özüniň alternatiw görnüşi hökmünde çykyş edýär.

Patterson «Ine-de, möý geldi» we «Meniň adym Aleks Kross» ýaly triller romanlary bilen giňden tanalýar, emma MrBeast üçin bu kitap edebiýatdaky ilkinji synanyşykdyr.

Kitabyň çykmagy bilen bir wagtda bloger hakyky durmuşda geçiriljek täze bäsleşigi hem yglan etdi. Bäsleşigiň baýrak gaznasy 1 million dollara barabar bolar.

Donaldsonyň aýtmagyna görä, bäsleşikde ýüze çykjak meseleleri çözmäge gerekli maglumatlar «Iň howply oýunlar» romanynyň içinde gizlenýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.