YouTube-yň täze bäsdeşi: Hytaýyň Bilibili platformasy dünýä bazaryna çykýar

Düýn, 16:042,374

Hytaýyň Bilibili wideohostingi platformanyň dünýä bazaryna çykýandygyny tassyklady. Kompaniýa eýýäm awtorlar, geýmerler we sazandalar üçin iňlis dilindäki akkauntlary döretdi, indi bolsa daşary ýurtly blogerleri hem özüne çekmäge taýýarlanýar.

Täze tematik bölümleriň arasynda awtorlar üçin «Bilibili Creator Hub», geýmerler we wideooýun söýüjiler üçin «Bilibili Games», sazandalar hem aýdym-saz muşdaklary üçin bolsa «Bilibili Music» bar. Platformanyň resmi topary ýakyn wagtda mahabat kampaniýasynyň başlajakdygyny hem mälim etdi.

Bilibili-niň halkara görnüşi ulanyjylara ygtyýarnamalaşdyrylan animeleriň, seriallaryň we dünýäniň dürli künjeklerindäki awtorlardan wideolaryň uly ýygyndysyny hödürlär. Daşary ýurtly döredijiler üçin kompaniýa hususy pul gazanmak (monetizasiýa) ulgamyny, wideolary awtomatik terjime etmek we dublýaž üçin emeli aň gurallaryny, şeýle hem aýdym-saz we oýun ýygyndylaryny taýýarlaýar.

Bilibili Hytaýda 2009-njy ýyldan bäri işleýär we şondan bäri ýurtdaky ýaşlaryň arasynda internet-medeniýetiniň esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Häzirki wagtda hyzmatyň aýda 400 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bar.

Halkara görnüşiniň işe girizilmegi eýýäm Bilibili-niň YouTube bilen gönüden-göni bäsleşmek synanyşygy diýlip hasap edilýär. Hytaý kompaniýasy daşary ýurtly inflýuenserlere, suratkeşlere we animasiýa döredijilere has bähbitli maliýe şertlerini hödürläp, olary özüne çekmegi göz öňünde tutýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.