Dünýädäki iň meşhur YouTube-blogeri bolan MrBeast (Jeýms Donaldson) söýgülisi Teýa Boýsen bilen durmuş gurdy. Bu nikalaşyk barada bloger Instagram sahypasynda habar berdi.
Dabaralar Britan Wirgin adalaryndaky Neker adasynda 70 töweregi myhmanyň gatnaşmagynda geçdi. Ada britan milliarderi Riçard Brensona degişlidir.
«Men hanym Beast-e duşdum we bu meniň durmuşymdaky iň bagtly günüm boldy» — diýip, MrBeast toý suraty ýerleşdirilen postunyň aşagyndan ýazdy. Suratda ol Ralph Lauren-iň ak kostýumynda, onuň ýan ýoldaşy bolsa Nicole + Felicia Couture-iň ak köýneginde geýindi.

Dabaralar bir hepde dowam etdi. Myhmanlar kaýtserfing, snorkeling bilen meşgullandylar, şeýle hem adada ýaşaýan lemurlary we flamingolary synladylar.
Nika baglaşanlaryndan soň ýaş çatynjalar Ledi Gaga bilen Bruno Marsyň «Die With a Smile» aýdymynyň astynda ilkinji tansyny ýerine ýetirdiler, soňra bolsa baýramçylygy kart we stol oýunlary bilen dowam etdirdiler.

Teýa Boýsen — kibersport teswirçisi, onlaýn-geýmer we Günorta Afrikanyň «Nixuh» kibersport guramasynyň eýelerinden biri. Torlarda we öz YouTube-kanalynda ol TheaBeasty lakamy bilen hem tanalýar. Olar umumy dostlary arkaly tanşypdylar we 2022-nji ýylda ilkinji gezek köpçülikde bile görnüpdiler. Donaldson 2024-nji ýylyň dekabrynda durmuşa çykmaga teklip edipdi.
Häzirki wagtda MrBeast-iň YouTube-kanalyna 509 milliondan gowrak adam ýazylandyr. Ozal bloger girdejileriniň köp bölegini işi ösdürmäge gaýtadan maýa goýýandygy sebäpli, toýuň guramaçylygy üçin ejesinden pul alandygyny gürrüň beripdi. Onuň aýtmagyna görä, 2024-nji ýylda Beast Industries kompaniýasy 473 million dollarlyk girdeji alypdyr.
Teýa Boýsendiň Instagram-da 1,3 million, YouTube-da bolsa 139 müň agzasy bar.