Instagram ABŞ-da dowamlylygy 90 minuta çenli bolan kese wideolary paýlaşmak mümkinçiligini synagdan geçirip başlady. Täze bölüm «Features» diýen ady alar diýip, «Variety» habar berýär.
«Instagram — bu, ilkinji nobatda, döredijilik arkaly adamlary birleşdirmek. Döredijilik bolsa diňe bir gysga wideolardan ýa-da karuselleri paýlaşmakdan has uly zat» diýip, Instagram-yň önümler boýunça wise-prezidenti Tessa Laýons belledi.
Mundan başga-da, Meta kompaniýasy Instagram Live hyzmatyny täzeden ýola goýmagy we awtorlar üçin täze gurallary goşmagy meýilleşdirýär. Göni ýaýlymlar bölümine köpräk tomaşaçyny çekmek üçin ony goşundynyň interfeýsinde aýratyn görkezmek isleýärler.
Ýene bir täzelik — Apple TV üçin Instagram-yň ýörite goşundysy. Bu Reels gysga wideoşekillere, awtorlaryň uzak wideolaryna, aýratyn bölümleri bolan tematik seriallara we göni ýaýlymlara tomaşa etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem Instagram-da «Series» funksiýasy peýda boldy, onuň kömegi bilen awtorlar öz profilleriniň sahypalarynda özara baglanyşykly wideoşekilleri tematik kolleksiýalara birleşdirip biler.
Ozal bu platforma ulanyjylara maslahat beriş algoritminden ýüz öwürmäge ýa-da ony üýtgetmäge rugsat beripdi. Sazlamalarda gyzyklandyrýan temalar boýunça köpräk wideo soramak üçin tekst girizme meýdançasy peýda boldy.