Saýlanan şäher
1 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
16.06.2026 23:19
2.4k+
Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder
Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar...
17.05.2026 09:49
2.5k+
Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?
Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi...
09.05.2026 00:32
11k+
Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi
Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi.
07.05.2026 00:06
2.7k+
Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli
Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
05.05.2026 15:24
1k+
Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler
Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy.
18.04.2026 15:21
1.1k+
Instagram-da teswirleri redaktirlemek funksiýasy peýda boldy
Instagram ulanyjylary öz teswirlerini ýazandan soň, olara düzediş girizmek mümkinçiligine eýe boldy. Täze funksiýa teksti doly öçürmezden we täzeden ýerleşdirmezden, ýalňyşlary düzetmäge mümkinçilik berýär.
10.04.2026 19:09
3.4k+
Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi
Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi.
27.03.2026 17:36
6.9k+
Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär
ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň...
13.03.2026 16:15
1.7k+
Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy
Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar
05.03.2026 14:43
1.8k+
Instagram baryp kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň işjeňliginiň artandygyny hasaba alypdyr
Instagram kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň arasyndaky işjeňligiň ösüşini ünsli yzarlap, olara ileri tutulýan auditoriýa hökmünde garapdyr. Häzirki wagtda dowam edýän kazyýet işleriniň çäginde mälim edilen täze resminamalar muňa şaýatlyk edýär
03.03.2026 23:28
7k+
2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt
2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär
28.02.2026 10:20
2k+
Instagram ýetginjekleriň dürli temalardaky gözlegleri boýunça ata-enelere goldaw funksiýasyny girizmekçi
Instagram-da ýetginjekleriň özüne zeper ýetirmek ýa-da şoňa meňzeş beýleki howply ýagdaýlar bilen bagly temalar boýunça maglumatlary gözleýändikleri barada ata-enelere duýduryş berýän täze funksiýa peýda bolar
26.02.2026 16:20
2.1k+
Instagram Google TV-li telewizorlarda işläp başlady
Instagram programmasy ABŞ-da Google TV ulgamynda işleýän enjamlaryň eýeleri üçin elýeterli boldy. Bu täzelik dekabr aýynda hyzmatyň Amazon Fire TV platformasynda peýda bolmagyndan soňra amala aşyryldy. Täze programma üpjünçiligi Reels wideolaryny we esasy täzelikler akymyny gönüden-göni telewizor ekranlarynda görmäge mümkinçilik berýär
21.02.2026 10:00
4.2k+
«Indi beýle edemzok»: Sukerberg kazyýetde Instagramyň algoritmlerini aklamaga çalyşýar
Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kazyýetde çykyş edip, kompaniýanyň ulanyjylaryň ünsüni nädip çekýändigi we olaryň Facebook hem-de Instagram-da sarp edýän wagtyna nähili täsir edýändigi baradaky soraglara jogap berdi
16.02.2026 16:54
3.5k+
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar
Beýik Britaniýanyň hökümeti çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny çäklendirmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada The Times gazeti habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, premýer-ministr Kir Starmer degişli kanunyň kabul edilmegini çaltlandyrmak üçin ýörite ygtyýarlyklardan peýdalanmakçy
12.02.2026 19:48
3.9k+
Bikanun kontenti aýyrmak üçin 3 sagat: Hindistan sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirdi
Hindistanyň hökümeti sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirip, bikanun diýlip ykrar edilen kontenti aýyrmagyň möhletini habarnama alnan pursatyndan başlap, 36 sagatdan üç sagada çenli gysgaltdy. Täze düzgünler Meta, YouTube we X ýaly iri platformalara degişli bolup, olar 20-nji fewralda güýje girer
11.02.2026 17:26
5.8k+
TikTok, Instagram we Facebook ýetginjekler üçin howpsuzlyk synaglaryndan geçmäge razy boldylar
Häzirkizaman iň iri sosial ulgamlary bolan TikTok, Instagram, Facebook we Snapchat öz platformalarynyň ýetginjekleriň ruhy saglygy üçin näderejede howpsuzdygyny anyklajak garaşsyz barlaglardan meýletin geçmäge razy boldylar
07.02.2026 07:33
2.9k+
BSGG-niň başlygy çagalary goramak üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmesiniň girizilmegini goldady
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary durmuş ulgamlarynyň «zäherleýji äleminden» goramak baradaky ideýasyny goldady we olarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy
04.02.2026 16:56
3.9k+
Ispaniýanyň häkimiýeti kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar
Ispaniýada 16 ýaşdan kiçi ýetginjekler üçin sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň premýer-ministri Pedro Sançes Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen sammitde aýtdy diýip, The Guardian neşiri habar berýär
02.02.2026 14:37
1.8k+
Isläňokmy, aýyr: Instagram özüňi başgalaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga şert döreder
Instagram ulgamy ulanyjylaryna özlerini başga adamlaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýany taýýarlaýar. Bu barada TechCrunch neşiri Meta kompaniýasynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär
28.01.2026 09:48
2.2k+
Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy çagalar üçin sosial torlaryny gadagan etmegi goldady
Fransiýanyň Milli assambleýasy 15 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere sosial ulgamlaryny ulanmagy gadagan edýän kanun taslamasyny goldady. "Le Figaro" neşiriniň habar bermegine görä, resminama üçin 130 deputat: "Goldaýarys", 21 parlamentariý bolsa, "Garşy" diýip, ses berdi
21.01.2026 23:49
3.1k+
"Altyn aralygy" tapmaly: sosial mediadan doly ýüz öwürmek ýetginjekler üçin zyýanly bolup biler
JAMA Pediatrics žurnalynda çap edilen täze gözlegde sosial media ortaça kadada ulanmagyň ýetginjekler üçin has peýdalydygy anyklandy. Bu endigi aşa köp ulanmak ýa-da doly saklanmak olaryň psihologiýa rahatlygynyň peselmegine getirip biler
16.01.2026 15:32
1.3k+
Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar
Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär
12.01.2026 11:06
2k+
Disney kompaniýasy TikTok bilen Instagram-yň bäsdeşi bolar
CES 2026 sergisinde Disney kompaniýasy 2026-njy ýylda Disney+ platformasynda gysga dik wideolaryň ýerleşdirilip başlanjakdygyny mälim etdi. Ol adamlaryň TikTok bilen Instagram Reels-de görýän wideolaryna meňzeş bolup, ulanyjylary çekmek maksady bilen döredilýär
01.01.2026 18:42
7.9k+
Nýu-Ýork TikTok-y we Instagram-y psihiki saglyk üçin zyýany barada ulanyjylara duýdurmaga borçlandyrdy
Nýu-Ýork ştaty birnäçe sosial ulgamlary ulanyjylara olary ulanmagyň psihiki saglyk üçin zyýanly bolup biljekdigi barada duýdurmaga borçlandyrýan kanuny kabul etdi. Resminama onlaýn-platformalara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça has giň halkara tendensiýasynyň bir bölegi boldy
25.12.2025 12:06
1.5k+
Instagram uly ekranlara çykar: Onuň telewizorlar üçin niýetlenen görnüşi taýýarlanýar
Meta kompaniýasy kese ekranly telewizorlarda mazmunlary görmek üçin niýetlenen Instagram for TV programmasyny işe girizýär. Sosial ulgamyň täze görnüşi uly ekranlara uýgunlaşdyryldy we ol, esasan, wideo mazmunlary görmäge gönükdirilendir
12.12.2025 18:12
1.2k+
Instagram-da Reels tekliplerini sazlamaga mümkinçilik berýän algoritm işe girizildi
Instagram ulanyjylara Reels gysga wideo tekliplerine täsir edýän temalary görmäge we üýtgetmäge mümkinçilik berýän Your Algorithm guralyny işe girizdi. Bu barada TechCrunch habar berýär. Täze bölüm ýokarky sag burçda iki çyzykly we ýürekli nyşanjyga basylandan soň açylýar
19.11.2025 10:18
635
Meta kompaniýasy Reels-i plagiatdan goramak üçin täze gural döretdi
Meta kompaniýasy Facebook-da Reels awtorlaryna öz wideolaryny awtoryň rugsady bolmazdan beýleki ulanyjylaryň ulanmagyndan goramaga kömek edýän täze Facebook Content Protection guralyny hödürledi. Haçan-da ulgam
09.11.2025 21:11
3.4k+
Daniýada 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan edýän kanun taýýarlanýar
Daniýanyň hökümeti 15 ýaşa ýetmedik çagalaryň sosial torlara girmegini gadagan edýän kanuny taýýarlap başlady. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, täze düzgün güýje girse, ene-atalaryň özleri käbir platformalara rugsat berip bilerler
09.10.2025 14:36
1.4k+
Instagram awtorlar üçin Rings baýragyny esaslandyrdy
Instagram iň batyrgaý hem özboluşly pikirli 25 awtory ykrar etjek Rings baýragyny çykarandygyny habar berdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Ýeňijiler modadan we ýüz bezeginden başlap, sport we güýmenje ýaly dürli mazmun kategoriýalaryna wekillik ederler
26.09.2025 19:44
1.4k+
Instagram aýda 3 mlrd ulanyja baryp, Facebook bilen WhatsApp-yň yzyndan ýetdi
Meta-nyň baş direktory Mark Sukerberg Instagram sosial ulgamynyň indi aýda üç milliarddan gowrak işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar berdi. Şeýlelikde, platforma şu ýyl üç milliard aýlyk ulanyjy görkezijisinden geçen Facebook bilen WhatsApp sosial ulgamlarynyň yzyndan ýetdi
07.09.2025 20:13
5.7k+
Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy Instagram sahypasynyň açdy we bäsleşik yglan etdi
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi Instagram sahypasynyň açylmagy mynasybetli koreý medeniýeti bilen bagly sowgatly bäsleşigini yglan etdi diýip, ORIENT agentligi habar berýär. Bäsleşige 4–11-nji sentýabr aralygynda gatnaşyp bolar
16.08.2025 17:50
1.7k+
Meta-nyň Threads sosial ulgamynyň aýlyk ulanyjy sany 400 milliondan geçdi
Meta degişli bolan Threads sosial ulgamynyň aýdaky işjeň ulanyjylarynyň sany 400 milliondan geçdi diýip, Instagram-yň baş direktory Adam Mosseri aýtdy. Mosseri işe başlany bäri iki ýylyň içinde bu hyzmatyň "açyk pikir alyşmak üçin möhüm platforma" öwrülendigini aýtdy
07.08.2025 16:15
2.4k+
Instagram Live-göni ýaýlym üçin çäklendirmeleri girizdi
Instagram göni ýaýlymlar üçin täze çäklendirmeleri girizdi: indi açyk akkauntlary bolan ulanyjylar we azyndan 1000 abonenti bolanlar göni ýaýlymda çykyş edip biler. TechCrunch-iň habar bermegine görä, sosial ulgam üýtgeşmeleri resmi taýdan tassyklady
19.06.2025 13:55
3.9k+
Instagram ulanyjylary akkauntlaryň sebäpsiz petiklenmeginden zeýrenýär
Instagram ulanyjylary eýýäm birnäçe hepde bäri akkauntlaryň açyk sebäp bolmazdan köpçülikleýin petiklenmeginden zeýrenýär. Köpler muny emeli aňa esaslanýan ulgamyň işinde bolup biljek bökdençlikler bilen baglanyşdyrýar
19.06.2025 11:04
2.8k+
Facebook, YouTube, Instagram, WhatsApp, TikTok... ilkinji gezek esasy habar çeşmesine öwrüldi
Sosial ulgamlar esasy habar çeşmesi hökmünde telewideniýeden, gazetlerden, habar saýtlaryndan we beýleki adaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden öňe geçýär. Bu barada Oksford uniwersitetiniň Reuters Institute for the Study of Journalism merkeziniň täze hasabatynda aýdylýar
19.06.2025 09:53
10k+
Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi
Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar
30.05.2025 13:15
4.6k+
Instagram Android-de batareýany çalt çökerip başlady: Google eýýäm çözgüt tapdy
Android ulanyjylary Instagram goşundysynyň has köp energiýa sarp edip başlandygyna üns berdi. Bu mesele Reddit-de we beýleki platformalarda işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulanyjylar deň wagtda ulanmak bilen dürli goşundylaryň energiýany sarp edişini deňeşdirdi
23.05.2025 12:03
3.2k+
Instagram ulanyjylary özüne çekmek üçin mazmun döredijilere $20 müň dollara çenli pul teklip edýär
Instagram sosial toruna eýelik edýän Meta korporasiýasy ABŞ-da «Referrals» maksatnamasyny işe girizdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde mazmun döredijiler täze ulanyjylary ýa-da trafik çekmek arkaly pul gazanyp bilerler
26.04.2025 09:18
4.5k+
Instagram CapCut-yň stilinde Edits wideoredaktoryny çykardy
Instagram täze Edits wideoredaktoryny hödürledi. Programma eýýäm ýükläp almak üçin Android-de we iOS-da elýeterli. Bu TikTok işläp düzüjileriniň CapCut programmasy ýaly aýratyn programmadyr. Edits wideolary döretmek we redaktirlemek üçin onlarça gurallary hödürleýär
«
1
2
3
»
«
1
2
3
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.