Ronaldu we Messi Instagram-daky her mahabatdan näçe gazanyp bilýär?

Şu gün, 19:311,374
1 / 2

LiveScore statistika hyzmaty Ronaldu bilen Messiniň Instagram-da bir mahabat kontenti üçin näçe gazanýandygyny mälim etdi.

Soňky hasaplamalara görä, Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Instagram-da bir mahabat postunyň bahasy boýunça iň ýokary hak alýan türgen diýlip hasaplanýar. Portugaliýaly ýyldyzyň bir hemaýatkärlik kontentiniň bahasy, takmynan, 3,2 million dollara deň.

«Inter Maýami» amerikan klubunyň hüjümçisi Lionel Messi bolsa bir mahabat posty üçin, takmynan, 2,7 million dollar alýar.

Üçünji orny hindistanly kriketçi Wirat Kohli eýeleýär — ol bir neşir üçin 1,46 million dollar alýar. Neýmaryň mahabat postunyň bahasy 1,21 million dollar, basketbolçy Lebron Jeýmsiňki bolsa 866 müň dollar diýlip bahalandyrylýar.

Ýöne bellemeli ýeri, görkezilen sanlar türgenleriň özleri tarapyndan neşir edilen resmi mahabat nyrhlary däl-de, olaryň sosial torlardaky akkauntlarynyň yzarlaýjylarynyň sany we täjirçilik görkezijileri esasynda çykarylan çen-takmyn hasaplamalardyr.