ABŞ-nyň ýaşaýjysy Eýlin Çin 96 ýaş we 89 gün dolanda resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol YouTube-da nahar bişirmek boýunça ýöriteleşýän we häzirki wagtda ýaşap ýören aýal-blogerleriň iň garrysy hökmünde ykrar edildi.
"Maňa aşpezlik baradaky bilimleri indiki nesle geçirmek ýaraýar. Adamlaryň meniň maşgala reseptlerimden lezzet alýandygyny görmek maňa şatlyk we bagt berýär" — diýip, Çin paýlaşdy.
Häzir blogeriň Instagram, TikTok, YouTube we Facebook sahypalarynda jemi 3 million töweregi okyjysy bar.
Eýlin özüniň el bilen ýazylan reseptlerini basmati tüwüsiniň gutusynda saklaýar. Ol üç ýylyň dowamynda agtygy Lukas Wong bilen bilelikde kameranyň öňünde şolardan ugur alyp nahar bişirýär.
Wideolarda Çin köplenç öz ene dili bolan ýamaýka dilindäki sözleri, mysal üçin, "Hudaýym!" diýmegi aňladýan "mi rahtid!" jümlesini ulanýar. Mysal üçin, ol bu jümle arkaly öz haýran galmasyny beýan edýär: "Hudaýym, bu nähili lezzetli!"

Eýlin entek bäş ýaşyndaka nahar bişirip başlapdy. 1950-nji ýyllarda ol adamsy bilen bilelikde Ýamaýkada, Haýgeýt şäherçesinde garbanyşhana açdy. 2008-nji ýylda biznes ýapyldy, şondan soň aýal ABŞ-daky garyndaşlarynyň ýanyna göçüp bardy.