Meta öň çagalar üçin sosial torlaryň zyýanlydygy hakynda köpçülikleýin ýazylan arzalar boýunça işi çözmek babatda ABŞ-nyň 48 ştaty bilen parahatçylykly ylalaşyk baglaşmaga we 18 milliard dollara çenli töleg tölemäge razy bolupdy. Ylalaşykda Instagram-yň we Facebook-yň 18 ýaşdan kiçi ulanyjylary üçin täze çäklendirmeler hem görkezilen. Indi munuň kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylara nähili täsir etjekdigi äşgär boldy.
Olar üçin günde iki sagatlyk çäklendirme giriziler. Bu çäklendirme standart görnüşinde girizilip, diňe ene-atanyň rugsady bilen öçürilip bilner.
Ýetginjekler platformalary gije 00:00-dan irden 06:00-a çenli ulanyp bilmezler. Olar üçin “haladym” belliginiň sany hem gizlener.
Mundan başga-da, Meta ulanyjynyň ýaş barlagyny hem güýçlendirmäge razy boldy. Kompaniýa öz tehnologiýalaryny üçünji tarapyň ulgamlary bilen birleşdirer, bu gurallaryň netijeliligi garaşsyz auditorlar tarapyndan yzygiderli barlanyp durlar.
Çäklendirmeleriň hemmesi hökmany bolmaz. Mysal üçin, wideolaryň awtomatik açylmagyny öçürmek we algoritmik lentadan hronologik lenta geçmek mümkinçiligi diňe goşmaça sazlanýan opsiýa görnüşinde galar.
Öň metbugat habarlarynda kompaniýanyň 17 milliard dollar tölemäge razy bolandygy habar berlipdi. Sanlardaky tapawutlar (dürli KHBS-de $17 mlrd, $17,1 mlrd ýa-da $18 mlrd pul möçberi getirilýär) tölegleriň gurluşyndan we şertlerinden gelip çykýar:
- Kepillendirilen pul mukdary bar: Kompaniýa 10 ýylyň dowamynda 12,2–12,7 milliard dollar möçberinde esasy tölegi tölemäge borçludyr.
- Şertli bölek (5 milliard dollar töweregi): Meta bu pul mukdaryny diňe beýleki iri platformalar (TikTok, YouTube we Snap) hem döwlet edaralary bilen şeýle ylalaşyklary baglaşan we maliýe sanksiýalaryna razy bolan ýagdaýynda tölär.
Çäklendirmeler diňe ABŞ-nyň esasy ştatlaryna däl, eýsem ýurduň ähli resmi çäklerine we sebitlerine hem degişli bolar.
Meta-nyň inženerçilik taýdan işläp düzmeler boýunça öňki direktory Arturo Behar ylalaşygy "möhüm tapgyr" diýip atlandyrdy, ýöne ene-atalaryň “Instagram indi çagalar üçin howpsuz boldy” diýip arkaýynlaşmaly däldigini nygtady.
«Ylalaşygyň çynlakaý kemçiligi bar: ol Meta nämäni zyýanly hasaplamalydygyny özüne kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hawa, “Günde diňe iki sagat spirtli içgi içip ýa-da iki sagat çilim çekip bilersiňiz" diýmek bolar, ýöne hödürlenýän zatlar barybir size zyýanly bolmagynda galýar ahyry» diýip, Behar belleýär.
Şeýle-de ol mazmun maslahat beriş ulgamynda has çynlakaý üýtgeşmeleri görmek isleýändigini aýtdy, bu bolsa, onuň pikiriçe, ýetginjekleri bellenen çäkden soň hem platformany ulanmagy dowam etdirmäge mejbur edip biler.
Ylalaşyga Meta garşy aýratyn işde ýeňiş gazanan Nýu-Meksiko hem-de teklip edilýän şertleri ýeterlik derejede berk hasaplamaýan Florida şäherleri girmedi.