Amerikaly uçarman asmanda «Mona Lizany» çekdi

Şu gün, 18:301,745
1 / 2

Amerikaly uçarman meşhur italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň «Mona Liza» atly dünýä belli eserini asmanda şekillendirdi. Ol ABŞ-nyň Oklahoma we Arkanzas ştatlarynyň üstünde uçar üçin eseriň meşhur şekilini emele getirýän ugry öňünden meýilleşdirip, soňra ony asmanda döretdi. Bu barada Fox News neşiri habar berýär.

Uçarmana bu özboluşly «howa suratyny» döretmek üçin dört sagada golaý wagt gerek boldy. Ol uçuş traýektoriýasynyň kömegi bilen eseriň suduryny we käbir aýratyn böleklerini şekillendirmek üçin uçuş meýilnamasyny öňünden takyklaşdyrdy.

Umuman alanyňda, uçar, takmynan, 56 kilometr aralygy geçdi. Uçuşy şol bir wagtyň özünde 73 müňden gowrak adam AirNav Radar platformasynyň 3D kartasy arkaly göni ýaýlymda yzarlady.