Meta ýetginjeklere ýetirilen zyýan sebäpli $17 milliard tölemäge kaýyl boldy

Düýn, 19:504,011

Meta kompaniýasy ABŞ-da özüne garşy açylan kazyýet işini parahatçylykly çözmek üçin 17 milliard dollar tölemäge, Facebook bilen Instagram sosial torlarynda çagalary goramak üçin goşmaça gorag funksiýalaryny girizmäge razy boldy. Bu barada çarşenbe güni ştatlaryň baş prokurorlary habar berdiler.

Kazyýet derňewinde Meta-nyň ýetginjeklerde baglylyk döredip biljek funksiýalary ornaşdyrandygy we öz platformalarynyň mümkin bolan zyýanyny gizländigi baradaky aýyplamalara seredildi. Kompaniýany şeýle hem ene-atalaryň razylygy bolmazdan, 13 ýaşdan kiçi çagalaryň maglumatlaryny yzygiderli ýygnamakda günäkärlediler. 2023-nji ýylda Meta garşy şikaýat eden 29 ştatyň arasynda Kaliforniýa, Kolorado, Kentukki we Nýu-Jersi hem bar.

Çagalaryň howpsuzlygy üçin göreşýän aktiwistler Meta-nyň baş direktory Mark Sukerbergiň Kaliforniýanyň federal kazyýetinde sorag edilmegine garaşypdylar. Emma gazanylan ylalaşyklar kazyýet işini wagtyndan öň bes etmäge mümkinçilik berdi.

Wirjiniýanyň baş prokurory Jeý Jons bu ylalaşygyň netijesinde öz ştatyna aýratynlykda 353 million dollar düşjekdigini belledi.

«Ençeme ýyllaryň dowamynda Meta öz sosial torlarynyň ýaşlaryň psihiki saglygyna zeper ýetirýän, adamy özüne bendi edýän zyýanly taraplaryny gizläp, jemgyýetçiligiň aňyny bulaşdyryp geldi» diýip, ol öz beýanatynda ýaňzytdy. 

Jonsuň aýtmagyna görä, bu ylalaşyk «şol gorkuly tejribelere mundan beýläk çäk goýar we çagalary internetdäki zyýanly täsirlerden hakyky gorag bilen üpjün eder».

Meta şeýle hem çagalar üçin gündelik wagt çäklendirmelerini, hökmany arakesmeleri girizmäge, okuw günleri mekdep sagatlarynda push-habarnamalary öçürmäge we ýaş barlagyny güýçlendirmäge razylyk berdi. Kompaniýa ulanyjynyň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan kontent sazlamalaryna, ene-ata gözegçiliginiň goşmaça gurallaryna gaýtadan sereder, köpçülik bahalandyrmasy bilen bagly käbir funksiýalara (meselem, laýklaryň sanynyň görkezilişine) çäklendirme girizer.

Ýeri geleninde belläp geçsek, 17 milliard dollar kompaniýanyň umumy girdejisiniň ujypsyz bir bölegini tutýar. Meta-nyň diňe 2025-nji ýyldaky gazanjy 201 milliard dollara ýetipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.