Beýik Britaniýanyň hökümeti 16–17 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň ýary gijeden daňdan sagat alty ýaryma çenli (00:00–06:00) sosial ulgamlaryndan peýdalanmagyny gadagan eder. Bu täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň baharynda güýje girmegine garaşylýar.
Şol bir wagtda, häkimiýetler sanly platformalaryň üstüne ulanyjylaryň programmalarda uzak wagtlap galmagyna sebäp bolýan funksiýalary öçürmek borçnamasyny goýmagy-da meýilleşdirýärler. Bu çäklendirmeler wideolaryň awtomat usulda yzly-yzyna goýberilmegine (Reels, TikTok-daky gysga wideolar we ş.m.) hem-de dynuwsyz şahsy maslahat lentalaryna degişli bolar.
Bu çözgüt kabul edilmezden ozal 300 adamyň gatnaşmagynda geçirilen ylmy barlagyň netijelerine görä, gijeki çäklendirmeler ýetginjekleriň täze düzgüne has çalt uýgunlaşmagyna kömek edýär, şeýle hem ukyň hilini we ünsi jemlemek ukybyny ýokarlandyrýar.
Mundan öň, hökümet 2027-nji ýylyň baharyndan başlap, 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlardan peýdalanmagyň bütinleý gadagan ediljekdigini tassyklapdy. 16–17 ýaşly ýetginjekler üçin girizilýän bu «gijeki komendant sagady» bolsa wagtlaýyn, aralyk tapgyr hökmünde seredilýär. Häkimiýetleriň pikiriçe, bu çäre ýetginjeklere sanly platformalardan jogapkärçilikli peýdalanmagy öwreder.
Bulardan başga-da, ýurduň degişli edaralary emeli aňdan ýerlikli we seresap peýdalanmak boýunça ýörite maslahatlary taýýarlarlar, mekdep programmalaryna bolsa media-sowatlylyk, döwrebap tehnologiýalar bilen işlemek, galat maglumatlary we zyýanly kontentleri tanamak boýunça ýörite sapaklar goşular.