Meta kompaniýasy kazyýet resminamasynda ABŞ-nyň dört ştatynyň özünden 1,5 trillion dollar talap edendigini mälim etdi. Ştatlar Facebook we Instagram platformalarynyň ýörite kämillik ýaşyna ýetmediklerde garaşlylyk döretmek maksady bilen işlenip düzülendigini hem-de kompaniýanyň bu ulgamlaryň howpsuzlygy barada jemgyýete ýalňyş pikiri guýýandygyny öňe sürýär.
Kompaniýanyň bazar gymmatyna (2026-njy ýylyň 7-nji iýulyna bolan ýagdaýa görä, 1,523 trillion dollar) barabar bolan bu ägirt uly pul möçberi Kaliforniýanyň Oklend şäherinde kazyýet işi başlanmazdan öň aýdyldy. Bu iş boýunça Kaliforniýa, Kolorado, Kentukki we Nýu-Jersi ştatlary şikaýat ediji hökmünde çykyş edýär. Jerime möçberi düzgün bozmalaryň sanyny degişli ştatlaryň kanunçylygynda bellenilen jerime mukdaryna köpeltmek arkaly hasaplanýar. Düzgün bozmalaryň sany bolsa Meta-nyň hereketlerinden zyýan çeken ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň çen-takmyn sanyna esaslanýar.
Umuman alanyňda, 29 ştat kompaniýanyň üstünden kazyýete ýüz tutdy. Olaryň köpüsi Meta-nyň ene-atalaryň degişli razylygyny almazdan çagalaryň maglumatlaryny ýygnap, çagalaryň internetdäki gizlinligi barada federal kanuny bozandygyny tassyklaýar. Awgust aýynda geçiriljek kazyýet işine okrug kazysy Iwonn Gonsales-Rojers ýolbaşçylyk eder. Meta ähli aýyplamalary ret edýär. Kompaniýanyň pikiriçe, «sosial ulgamlara garaşlylyk» psihiki kesel hökmünde kesgitlenmedi, diýmek, platformalaryň öwrenişmä getirmeýändigi baradaky tassyklamalar ýalan bolup bilmeýär.
Şol bir wagtyň özünde, ýene-de 14 ştat öz kanunlaryna laýyklykda şikaýat arzasyny berdi — olara 2027-nji ýylyň fewralynda aýratyn kazyýet mejlisinde serediler.
Iýun aýynda kazy Gonsales-Rojers Meta-nyň kazyýet işini ýatyrmak baradaky haýyşyny ret edip, kompaniýanyň girdejini çagalaryň howpsuzlygyndan ýokary goýýandygy barada karar çykardy. Kaliforniýanyň baş prokurory Rob Bonta bolsa ýetginjekleriň ruhy saglygy bilen bagly dörän çökgünlik üçin Meta-ny doly jogapkärçilige çekjekdigine wada berdi.
Sosial ulgamlara bolan garaşlylyk bilen bagly müňlerçe şikaýat arzalary Snapchat, YouTube we TikTok platformalaryna garşy hem berildi. Bu aýyplama boýunça Meta garşy geçirilen kazyýetde ilkinji bolup Nýu-Meksiko ştaty ýeňiş gazandy we oňa 375 million dollar berildi; häzirki wagtda bu işiň platformalaryň işine üýtgeşmeler girizilmegini talap edýän ikinji bölegine seredilýär.